Döredijilik duşuşygy

9 Oktýabr 2024
423

Geçen anna güni Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Döwrüň döwletli gadamlary — halkymyzyň buýsanjy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. «Adalat» gazetiniň guran bu döredijilik duşuşygyna halypa žurnalistler, ýazyjydyr şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde zähmet çekýän tejribeli mugallymlardyr bilim alýan bagtyýar talyplar gatnaşdy.

Watanperwerligiň, ösüş-özgerişli döwrüň, ynsanperwerligiň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, milliligiň waspy ýetirilen duşuşykda kalby ylhamly halypalar many-maňyzly çykyş edip, ajaýyp goşgularyny okadylar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň täze «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygrynyň parasada ýugrulan setirleri edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

«Watan».