Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri — Garaşsyz Watanymyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň kepili» atly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde, şeýle hem halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde garalan meselelerden gelip çykýan wezipelere bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Olarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşy, kabul edilen çözgütler esasynda gol çekilen resminamalaryň ýurdumyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmekdäki, şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.