"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Duşuşyklar geçirildi

11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregi goldaýar.

Gatnaşyklar pugtalandyrylýar

11-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz goňşy ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmaga ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gül desseleri goýuldy

11-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we adybir medeni-seýilgäh toplumy Aşgabadyň binagärlik keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar. Hormatly Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymgulynyň ýadygärligine gül desselerini goýdy. Ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar hem bu göreldä eýerdiler.

Pyraga bagyşlanan halkara forum

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän tutumly işlerden dana Pyragynyň pähim-parasadyna belent sarpa goýulýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şonuň netijesinde-de, dünýäniň nazary Türkmenistana gönükdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän maslahatlardyr dabaralar bir-biriniň üstüni ýetirýär. 11-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejede geçen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum Türkmenistanyň ynsanperwerlikden gözbaş alýan syýasatyny dünýä ýaýan wakalaryň biri boldy. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda daşary ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu forum diňe bir Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanman, eýsem, tutuş adamzadyň ykbalyna täsirini ýetirýän agzybirlik, jebislik, parahatçylyk taglymatlaryna bagyşlandy. Onuň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmekden ybarat boldy. Beýik şahsyýet hökmünde ykrar edilen ynsanlaryň döreden eserleri ― galdyran mirasy belli bir milletiňki bolman, ol baýlyk bütin adamzada degişlidir. Halkymyzyň dana ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halklaryň arasynda hoş

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň JEMLEÝJI RESMINAMASY

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Mongoliýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Hökümet agzalary, meşhur alymlar, medeniýet işgärleri we diplomatlar gatnaşdylar. Halkara foruma gatnaşyjylar:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry) Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Türkmenistan — Gazagystan Respublikasy: döwletara gatnaşyklaryň täze sahypasy

10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna geldi. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Täze desgalaryň açylyş dabaralary

10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Gözel paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji durky doly täzelenilen köçäniň adyna germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Gahryman Arkadagymyz professor Hans Maýsneriň saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandynyň uludygyny aýratyn belläp, hemmeleri bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak halkynyň görnükli şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabry) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!Hormatly adamlar!

Dost-doganlygyň nyşany

10-njy oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň sammitine gatnaşdy

7-8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Moskwada boldy. Saparynyň ikinji güni günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Uly Kreml köşgüne geldi.

Wena baly — halklary ýakynlaşdyrýar

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Ýurdumyzda geçirilýän Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasyndan ýörite wekiliýet gelipdir. Onuň düzümine Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary, meşhur opera aýdymçylarynyň, dirižýorlaryň we tansçylaryň döredijilik topary girdi. Myhmanlaryň hatarynda iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar.

Saglygy goraýyş maksatly binalar

9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Paýtagtymyzda geçirilen dabaraly çärelere gatnaşýanlaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar, saglygy goraýyş işgärleri bar. Ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübäreklediler.

Köňülleriň we döwürleriň owazy

Düýn — 11-nji oktýabrda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň we dünýäniň çar künjünden ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen forumyň öňüsyrasynda akyldar şahyryň Köpetdagyň etegindäki ýadygärligine gül desseleri goýuldy. Magtymgulynyň we ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleri, wagyz-nesihatlary bilen kämil raýat jemgyýetini kemala getirmäge aýratyn üns berilmegi, elbetde, döwletimiziň agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň abadançylygynyň kepilidir.

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahat

Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň belli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary hem-de wekilleri utgaşykly görnüşde geçirilen ylmy maslahata gatnaşdylar. Myhmanlar türkmen kärdeşlerini hünär baýramy bilen gutlap, Garaşsyz Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şunda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmelere üns çekildi. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukman

Duşuşyk geçirildi

9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Moskwa şäheri, 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabry) Hormatly Wladimir Wladimirowiç,Hormatly döwlet Baştutanlary!

Arkadag şäheri — bagtyň şäheri

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça halkara derejeli güwänamalara mynasyp bolan täze şähere gelip, ilki bilen, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam edýär.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy. Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, bu ugurda ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.