Arkadag şäheri — bagtyň şäheri

11 Oktýabr 2024
295

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça halkara derejeli güwänamalara mynasyp bolan täze şähere gelip, ilki bilen, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam edýär.

«Watan».