Düýn — 17-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga ygtyýarly guramalaryň wekilleri hem-de Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan we Özbegistandan bilermenler, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Döwletara statistika komitetiniň, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň, «Garaşsyz Döwletleriň weteranlar (pensionerler) jemgyýetçilik guramalarynyň arkalaşygy» halkara bileleşiginiň utgaşdyryjy geňeşiniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdy.
Mejlisde edilen çykyşlarda maslahat beriş geňeşiniň iş alyp barýan 30 ýyla barabar döwrüň dowamynda Arkalaşyga agza döwletleriň durmuş ugurly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen, jemgyýetçilik we zähmet pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, umumy zähmet bazarynyň döredilmegine, ugurdaş infrastrukturanyň ösdürilmegine möhüm goşant goşandygy bellenildi. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolan Bitarap Türkmenistan dürli ugurlarda Arkalaşyk bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşant goşmagy maksat edinýär. Ýurdumyzyň geçirilýän çärelerdir duşuşyklara işjeň gatnaşmagy muny doly tassyklaýar.