Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi

16 Oktýabr 2024
258

14-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar eýýäm netijeliligini görkezen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň möhümdigini aýdyp, bilelikdäki meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin alty ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny bellediler. Şeýle-de duşuşykda durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda milli tejribeleri alyşmak, parlament we kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, zenan parlamentarileriň we ýaş deputatlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň yzygiderli dialog hem-de dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek babatda netijeli meýdança boljakdygy nygtaldy.

«Watan».