Türkmen-gyrgyz gatnaşyklary: söz ussadyna belent sarpa

28 Oktýabr 2024
289

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň esasynda, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli hem özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklar barha ösýär. Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ugurda hem özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesi gazanylýar. Iki ýurtda hem festiwallary we Medeniýet günlerini guramagy işjeňleşdirmäge, döredijilik, ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary ýola goýmaga uly üns berilýär. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna uly sarpa goýulýar.

Belli bolşy ýaly, dana Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmekde we wagyz etmekde Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň aýratyn hyzmaty bardyr. Ol: «Magtymguly Pyragy — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar» diýmek bilen, söz ussadynyň döredijiligine ýokary baha berýär. Çingiz Aýtmatowyň dana Pyraga belent sarpasy we ony wagyz etmekdäki ýadawsyz tagallalary bilen 1983-nji ýylda beýik şahyryň şygyrlaryndan düzülen «Türkmen binasy» atly kitap gyrgyz dilinde neşir edildi.

Gaýgysyz DÖWLETOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.