Sagdynlygyň, parahatçylygyň, dostlugyň baýdagy

1 Noýabr 2024
325

Saglygy iň uly baýlyga deňeýän halkymyz ähli döwürlerde beden hem ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge uly ähmiýet beripdir. Berkarar Watanymyzda bu wezipe tutuş jemgyýet we döwlet derejesinde berjaý edilýär. Çünki her bir adamyň saglygy jemgyýetiň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň kuwwatynyň esasy şertleriniň biridir. Şeýle asylly ýörelgeden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda giň gerimli işleri ýola goýdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şeýle asylly ýörelge mynasyp dowam etdirilýär.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi raýatlaryň saglygyny berkitmegiň we jemgyýeti jebisleşdirmegiň möhüm serişdesi bolsa, ýokary netijeli sport ýurduň halkara abraýyny beýgeltmegiň, ýaşlara nusgalyk şahsyýetleri ýüze çykarmagyň guralydyr. Eziz Diýarymyzda bedenterbiýe we sport sazlaşykly ösdürilýär. Ýurdumyzyň taryhyndaky iň iri halkara ýaryş bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin niýetlenen döwrebap sport desgalarynyň gurluşyklarynyň ýaýbaňlandyrylanyna, şeýle hem «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyňdyr professor mugallymlarynyň arasyndaky Uniwersiadalaryň, mekdep okuwçylarynyň we dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň gatnaşmagynda Spartakiadalaryň guralyp başlanyna, takmynan, 15 ýyl çemesi wagt geçdi. Abraýly sport baýramçylygynyň üstünlikli geçirilmegi, giň halk köpçüliginiň gatnaşmagynda guralýan bäsleşikleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň sanynyň köpelmegini şertlendirdi. Soňky ýyllarda ýurdumyza halkara ýaryşlarynydyr dünýä çempionatlaryny geçirmegiň birnäçe gezek ynanylmagy bolsa sport mümkinçiliklerimiziň ykrar edilýänliginden nyşan. Şundan ugur alyp, sporty ösdürmek boýunça dünýäde bir ýarym asyra barabar döwürde amala aşyrylan işleriň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda has gysga möhletde bitirilendigini ynamly aýdyp bileris.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».