Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan her bir işiň aňyrsynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik maksatlar ýatyr. Munuň şeýledigini paýtagtymyzdaky birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy, durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalaryň beýanynda görmek bolýar.
Paýtagtymyz Aşgabadyň özboluşly mermer keşbi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň binagärlik ukybynyň, döredijilik zehininiň miwesidir. Aşgabat ak mermere beslenen binalaryň iň köp ýerleşýän şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmekde gurluşyk taslama maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini üns merkezinde saklap, gurluşygy alnyp barylýan desgalara aýratyn üns bilen çemeleşýär. Şäherimiziň nurana keşbi ajaýyp sungat eseri ýaly ýüreklere ýakymly duýgulary bagyşlaýar.