Arkadag şäherinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Gurulýan döwlet bagtyýar döwürdir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynyň işgärleri, talyp ýaşlar we myhmanlar gatnaşdylar.
Maslahatda gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary bilen kemala gelen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşyk aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň toplumyň işgärlerine aýratyn üns berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, binagärler Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.