Taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz kitaba aýratyn sarpa goýupdyr. Türkmenler tarapyndan gurlan kitaphanalar öz döwründe dünýä alymlary üçin arzyly mekan bolupdyr. Halkymyz iň uly baýlygyň ylym-bilim ummanynyň düýbünde gizlenen pähim-paýhas dürlerinden ybaratdygyna, kitaplarda jemlenen parasadyň ynsana asyrlarboýy hyzmat etjekdigine ynanypdyr. Paýlaşdygyňça köpelýän hazynadan paýyňy kitaplaryň sahypalaryndan susup almalydygy ähli döwürler üçin üýtgewsiz hakykatdyr. Kitap okamak diňe bir uly adamlar üçin däl, eýsem, çagalar üçinem örän möhümdir. Kiçilikden kitap okamagy endik edinmek adama örän köp peýda getirýär.
Bilermenleriň bellemegine görä, çagalar üçin niýetlenen edebiýatda duş gelýän seýrek ulanylýan sözleriň möçberi uly adamlaryň gündelik gepleşikde peýdalanýan jümlelerinden 50 göterim köpdür. Şonuň üçinem çagalara kiçiliginden kitap okap bermek olaryň söz baýlygynyň artmagyna uly goşant goşýar. Şeýle hem çagalaryň köp sözleri gepleşik arkaly däl-de, hut kitaplardaky ertekileriň ýa-da multfilmleriň üsti bilen öwrenýändiklerini bellemek gerek.