Eziz Watanymyza çäksiz söýgi, berkarar döwletimize we bagtyýar zamanamyza beýik buýsanç, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hormat, gülläp ösüşiň hatyrasyna beýik işleri bitirmäge joşgunly hyjuw halkymyzy belent maksadyň daşyna jemleýär we jebisleşdirýär. Geljegine ynamly garaýan hem-de ony parahat, abadan durmuşda döredijilikli, tutanýerli zähmeti bilen gurýan halkymyzyň ruhy belent, ýoly aýdyň.
Täze taryhy eýýamda belent maksatly halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkyň ruhy taýdan has-da galkynmagyny üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga, goňşy ýurtlar, dünýä döwletleri, abraýly iri halkara we sebit guramalary, olaryň düzümleri bilen dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýokary derejede alyp barmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýar. Şonuň netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyny zer harplar bilen ýazylan altyn sahypa bolup bezeýär.