Şahyryň şygyrlarynda syrlylygy bilen öňe çykýan temalaryň biri-de onuň goşgularyndaky dünýewi söýgi meselesidir. Magtymgulynyň ýaşlykda halan gyzy Meňli hakyndaky garaýyşlaryny kesgitlemek, ony bir ulgama salmak, alymlaryň pikirlerini umumylaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Bu babatda alymlarymyz tarapyndan birnäçe işleriň alnyp barlandygyna garamazdan, gynansak-da, entek doly bir pikire gelnip bilinmeýär. Biz şahyryň, ilki bilen, öz terjimehal şygyrlaryna, dürli rowaýatlara, şol döwrüň ýagdaýyna ser salanymyzda, täzeçe garaýyşlaryň, täzeçe pikirleriň üstünden barýarys. Bu babatda, ilki bilen, şahyryň öz eserlerine ýüzleneliň. Magtymgulynyň döredijiliginde Meňli barada, ýeňňesi Akgyz barada 30-a golaý goşgynyň bardygyny bellemek bolar. Olardan «Aýryldym», «Uýat eýleýir», «Meňli han», «Bagrym dilenim», «Jana geldiň», «Joşa ýetdim», «Ýalydyr», «Her ýana», «Bu dahana», «Nowruzdan seni», «Bu gün» we başga-da birnäçe şygyrlaryny agzamak bolar. Hut Meňli hakynda ýazylan setirleriň mysalynda biz Magtymgulyny dünýewileşdirip bilýäris. Bu babatda Magtymgulynyň döredijiligi bilen bagly alnyp barlan işlere ýüzlenip geçeliň.
Magtymguly Pyragy hakynda Baýmuhammet Garryýewiň işlerinde berilýän maglumatlara ser salsak, onda şeýle bellenilýär: «Magtymgula ilki başda Akgyz atly ýeňňesi dakylyp, ondan iki ogul önýär. Ol iki ogluň biriniň ady Sary (Sarybaý, molla Bäbek) bolup, ikinjisiniň ady hem Ybraýym eken. Emma bu iki oglanyň ikisi-de ýaşlykda ýogalýar. Birinjisi ýedi ýaşynda, ikinjisi on iki ýaşynda aradan çykýar. Maşgala rehnetini görmedik Magtymguly ogullarynyň ölmegini ençeme elegiýasynda zarynlap geçipdir». Magtymgulynyň ogullarynyň ir aýrylandygyny şahyryň terjimehal goşgularyna ýüzlenenimizde hem görüp bilýäris. Onuň «Mübtela kyldy», «Gözlemeýin bolarmy» atly elegiýalarynda bu pany pelegiň başyna salan, gerdenine ýüklän agyr külpetleri, ýürek awusy beýan edilýär.