"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Türkmen futbolynyň taryhyndan

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, futbola hem uly üns berilýär. Şonuň netijesinde futbolçylarymyz halkara arenalarynda üstünlikli çykyş edýärler. Aslynda türkmen futbolçylarynyň gatnaşan ilkinji halkara ýaryşy haçan we haýsy toparlar bilen geçirildikä? Muny bilmek üçin arhiwiň maglumatlaryna ýüzlenmegi makul bildik. Öz gözbaşyny geçen asyryň başlaryndan alyp gaýdýan türkmen futbolyndaky ilkinji halkara ýaryşy 1927-nji ýylda geçirilipdir. Şonda futbolçylarymyz Eýranyň işçi-sport guramalarynyň çagyrmagy boýunça Maşat şäherinde halkara ýoldaşlyk duşuşyklaryna gatnaşypdyrlar. Maşadyň hem-de Tähranyň ýygyndy toparlary bilen geçirilen şol duşuşyklaryň örän çekeleşikli häsiýete eýe bolandygy barada taryhyň saralan sahypalarynda beýan edilýär. Bar bolan maglumatlara görä, şol duşuşyklaryň ilkinjisinde türkmen futbolçylary 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başarypdyrlar.

Welaýatlardan habarlar

Ýakynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen duşuşyga tälimçiler we ýaş türgenler gatnaşdy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda adam, onuň saglygy we abadançylygy hakynda yzygiderli alada edilýändigi babatda gürrüň etdiler. Şeýle wagyz-nesihat işleriniň ýygy-ýygydan geçirilmeginiň özi hem raýatlaryň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmaklary üçin uly ýardam bolup durýar. Duşuşykda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmalydygy, sagdyn iýmitlenip, arassa howada gezim etmelidigi barada aýratyn durlup geçildi. Muhammet DURDYÝEW, TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

Sagdyn boluň, sag boluň!

Bedenterbiýe we sport sagdynlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Ekologiýa üýtgeşmeleriniň täsiri, häzirki ösen durmuşda daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatda zyýanly mikroorganizmleriň köpelmegi adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Şonuň üçin bedeni taplamak örän wajyp bolup durýar. Bedeni taplamagyň özeni bolsa kadaly iýmitlenmekden, keselleriň öňüni almagyň çärelerini durmuşa geçirmekden, immuniteti ýokarlandyrmakdan hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakdan ybaratdyr. Häzirki tehniki ösüşler döwründe kompýuterleriň, smartfonlaryň we beýleki adam zähmetini ýeňilleşdirýän tehnikalaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşmagy bedeniň fiziki işjeňligini belli bir derejede peseldýär. Bu bolsa adam bedeniniň kem-kemden gowşamagyna, beden agzalarynyň işiniň peselmegine, myşsalaryň güýjüniň gaçmagyna, içki agzalaryň üýtgemegine getirýär. Hereketiň peselmegi ähli agzalaryň işjeňligini gowşadýar. Şonuň üçin sport bilen meşgullanmak häzirki döwürde örän wajypdyr. Sport bilen meşgullanmak, hereket etmek daýanç hereket ediş ulgamyny berkidýär, myşsalaryň göwrümini ulaldýar, güýjüni artdyrýar, süňkleri berkidýär, myşsalaryň kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edýär. Sport bilen meşgullanmak daýanç ulgamyny birnäçe kesellerden goraýar. Işjeň hereketler nerw ulgamyny berkidýär, beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar. Beden has çylşyrymly daşky täsirlere çalt uýgunlaşýar. Ýürek-gan aýla

Garaşsyzlyk – bagtymyz

Ýakynda Ahal welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki 46-njy orta mekdepde «Bilimli nesil Watan buýsanjy» şygar bilen hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Arkadag Prezidentimiziň çuňňur mazmunly eseriniň tanyşdyrylyş dabarasynda TMÝG-niň Ahal welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary R.Muhamow, bölüm müdiri N.Gurbanowa, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi M.Nurgeldiýew, etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň ýolbaşçysy Ý.Orazdurdyýew dagy çykyş etdi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň okyjylar köpçüligine sowgat edýän her bir kitabynyň halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny has-da baýlaşdyrmagyň egsilmez çeşmesidigi, esasan hem, milli Liderimiziň kitaplarynyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin esasy gollanma bolup hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde çapdan çykan bu kitabynyň gymmaty barada, şol sanda beýik ýeňişlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň, ýurdumyzyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut Garaşsyzlygymyzyň durandygyny bellediler.

Taryhda şu gün

«Jeňňellikdäki gümmürdi» adyny alan taryhy boks duşuşygynyň geçirilen senesi şu güne gabat gelýär. 1974-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Kinşase (Kongo) şäherinde geçirilen boks agşamynyň esasy duşuşygynda şol döwrüň güýçli boksçylary Muhammet Aly bilen Jorj Forman ringe çykdylar. Şol günki duşuşygyň ilkinji raundlarynda artykmaçlyk Formanyň tarapynda boldy. Şol wagta çenli geçiren 40 duşuşygynyň 37-sini nokaut bilen öz peýdasyna tamamlan Forman kagyz ýüzünde ýeňşe has ýakyn hasaplanýardy. Ýöne soňlugynda özünden garaşylýan boksy görkezip ugran Aly sekizinji raundda garşydaşyny nokdauna ibermegi başardy. Kynlyk bilen bolsa-da, aýaga galmagy başaran Forman duşuşygy dowam etdirip bilmedi.

Sport – dost-doganlygyň ýoly

Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda, ýaşlary zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk, watanysöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetiniň örän uludygyny hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda belläp geçýär. Munuň özi milli Liderimiziň öz halkyny bagtyýarlyga, eşretli durmuşa, sagdynlyga we dostluga özboluşly çakylygydyr. Çünki sport – saglyk. Saglyk – ynsanyň ömrüniň bezegi, başynyň tylla täji. Bedenterbiýe we sport bolsa ynsan saglygyny berkitmekde iň bir ygtybarly hem-de hemmelere elýeterli serişdedir. Sport ynsan saglygyny berkitmek bilen bir hatarda onuň şähdini açýar, ýaşaýşa bolan hyjuwyny, zähmete ukybyny artdyrýar. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini ýaýbaňlandyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler toplumlaýyn häsiýetde durmuşa geçirilýär. Bu ugurda hemmetaraplaýyn we ylmy esasda amala aşyrylýan işler halkymyzyň saglygyny, ruhy we beden taýdan kämilligini nazarlaýar.

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde

20-nji oktýabrda Bütindünýä dopinge garşy göreşmek agentliginiň guramagynda we bu guramanyň prezidenti Witold Bankanyň gatnaşmagynda Merkezi we Günbatar Aziýa döwletleriniň sport babatda ygtyýarly döwlet edaralarynyň, Milli olimpiýa komitetleriniň hem-de Dopinge garşy göreş boýunça milli agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige türkmen tarapyndan Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow, Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi A.Akmämmedow, Dopinge garşy göreş barada Milli agentligiň başlygy L.Artykowa dagy gatnaşdy.

Mukaddes Garaşsyzlygyň belent waspy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň gerimli we aýdyň maksatly beýik işleriň toplumlaýyn durmuşa geçirilýän döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygynyň uly dabaralara beslenip bellenilýän şatlykly günlerinde Gahryman Arkadagymyz bagtyýar halkymyzy jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly ajaýyp eseri bilen serpaýlady. Hormatly Prezidentimiziň täze eserinde hem ozalky kitaplaryndaky ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň belent waspy, Watan ezizligi, mukaddesligi baradaky paýhasly pikirler örboýuna galýar. Bu eserde hem köpýyllyk tejribä, giň dünýägaraýşa we öňdengörüjilige esaslanýan medeni, syýasy, ykdysady, ynsanperwer pikirler özboluşly beýanyny tapýar. Röwşen geljegimiziň berk binýady hasaplanylýan ýaş nesillerimiz üçin belent adamkärçilgiň, ahlaklylygyň, edep-terbiýäniň, maksada okgunlylygyň, tutanýerliligiň görelde mekdebi şöhlelenýär. Täze-täze belent sepgitlere, üstünliklere, halal zähmet çekmäge ganatlandyrýar.

Okuw-maslahat geçirildi

20-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýan «Türkmen ýaşlary – golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahatyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Okuw-maslahatyň barşynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy ýaşlaryň kanunçylyk babatda sowatlylygyny, birek-birege hoşniýetli gatnaşyklary, haýyr-sahawatlylyk we ýoldaşlaryňy goldamak ýaly duýgulary kemala getirmegiň hem-de meýletinçilik hereketini ösdürmegiň mazmuny olaryň arasynda adamkärçilik, rehim-şepagatlylyk, ynsanperwerlik gymmatlygyny wagyz etmekde meýletinçileriň ähmiýeti, şeýle hem bu işleriň ösen jemgyýeti kemala getirmekdäki orny barada çykyş etdi.

Wagyz-nesihat çäreleri dowam edýär

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», şeýle hem «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalarda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli guraýar. Şu ýylda kabul edilen bu iki Maksatnamalaryň çäklerinde guralýan wagyz-nesihat çärelerine talyp ýaşlar, türgenler we ýaş tälimçiler işjeň gatnaşýarlar. Şeýle çäreleriň biri hem şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Dünýä doldy şöhratyň, şanyň, türkmen sporty!» ady bilen ýokary guramaçylykly geçirildi. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň guramagynda geçirilen bu duşuşykda ilatyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga hem-de türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen çäreler, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, beden hem-de ruhy taýdan kämil ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek boýunça

«Ak şäherim Aşgabat» türk dilinde

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, dostlukly ýurduň diplomatlary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary, ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň redaktorlary gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary tanyşdyrylyş çäresine onlaýn görnüşde goşuldylar.

Ýaşlar syýasaty: döwrebap ädimleriň netijeleri

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guraýan çäreleridir wagyz-nesihat duşuşyklary diýseň uly ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Şeýle çäreler ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde örän netijelidir. Çünki ýörite tassyklanan meýilnama esasynda amala aşyrylýan şol çäreler ýaşlar hakyndaky aladanyň many-mazmunyny özünde jemleýär. Galyberse-de, olaryň yzygiderliliginiň üpjün edilmegi ýaşlar üçin has-da täsirliligini gazanmaga ýardam berýär. Ynha, tamamlanyp barýan hepdede hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň guramagynda şonuň ýaly çäreleriň ikisi geçirildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» ugur alnyp, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny ösdürmek maksady bilen guralan wagyz-nesihat duşuşygy «Ýaşlar geljegidir eziz Watanyň» diýlip atlandyryldy. Ähmiýetli maslahaty biziň zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde gurady.

Buýsandyryjy pursatlar

Şöhrat MÄMMEDOW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi: — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym başymy Göge ýetirdi. Bu uly hormat meni öňküdenem yhlasly hem döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy.

Şa serpaýly tälimçi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kärine yhlas edip, özüni görkezeniň, umuman, zähmete sarpa goýýan adamlaryň öz sarpalary hem belentde tutulýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralarynyň bir-birine ulaşan günlerinde hem doly göz ýetirdik. Şol günler bu taryhy hem şanly sene mynasybetli raýatlaryň uly toparyna döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şolaryň hatarynda Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň basketbol boýunça tälimçisi, şol bir wagtda basketbol we 3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň oglanlardan düzülen ýaşlar ýygyndylarynyň, şeýle-de, Balkan welaýatynyň ýygyndy toparlarynyň baş tälimçisi Yslam Täçmämmedow hem bar. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň eýesi Yslam Täçmämmedow, aýdylyşy ýaly, ömrüni sporta bagyş edip ýören adam. Geljekki basketbolçy 1976-njy ýylda Balkanabat şäherinde doglup, 10 ýaşynda basketbol bilen ymykly meşgullanyp ugraýar. Orta mekdepde okap ýören döwürlerinde Özbegistanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Ukrainada geçirilen halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklygy onuň bada-bat zehinli türgenleriň hataryna goşulanlygynyň güwäsidir. Yslam dogduk şäherindäki 15-nji orta mekdebi tamamlandan soň, ýagny 1993-nji ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girýär. Bu ýokary

Arkadagly döwürde bagtyýardyr zenanlar

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda institutyň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisinde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeler, maşgala mukaddesligini, edep-terbiýäni, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek barada giňişleýin gürrüň edildi. Duşuşygyň bütin dowamynda milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözleri belentden ýaňlandy.

Sport we ýaşlar syýasaty

Golaýda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde futbol boýunça açyk sapak guraldy. Açyk sapak sport mekdebiniň tälimçisi Seýitmuhammet Mollaýewiň ýolbaşçylygynda «Ýaş futbolçylaryň emelini, tilsimini ösdürmek» diýen at bilen 2009-njy ýylda doglan oglanlaryň arasynda geçirildi. Gyzykly hem täsirli geçirilen bu sapaga sport mekdebiniň okuw-sport işleri boýunça direktorynyň orunbasary Ogulgöwher Gurbanowa, usulyýetçi Merjen Mollaýewa, şepagat uýasy Aýjeren Agajanowa we futbol, futzal boýunça tälimçiler Röwşen Hümmedow, Halida Eşniýazowa dagy gatnaşdy. Türgenler açyk sapakda täsin tilsimleriň, dürli top urgularynyň ýerine ýetirilişine syn etdiler. Sona ATAÝEWA,

Türkmen tennisi ýeňişli ýolda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen sportunyň şowly hem şanly gadamlarynyň rowaç alýan zamanasy hökmünde dabaralanýar. Ýurdumyzda döredilýän giň şert-mümkinçilikleriň, berilýän goldawyň netijesinde türkmen türgenleriniň halkara arenasynda gazanýan üstünlikleriniň sany hem barha artýar. Ine, şu günler Bahreýniň Madinat-Isa şäherinde dowam edýän Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň IV toparynyň Aziýa – Okeaniýa sebitiniň toparçalaýyn tapgyrynda ýygyndy toparymyzyň görkezýän ajaýyp oýny hem ýokarda aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.

Welaýatlardan habarlar

Daşoguz welaýatynyň «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginde zähmet çekýän dürli kärdäki zähmetkeşleriň, birleşigiň hünärmenleriniň we önümçilik birleşiginde tejribe toplaýan ýaşlaryň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Dabarada çykyş edenler giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze neşiriň hem edil beýleki jiltler ýaly, halkymyzyň ýankitabyna öwrüljekdigi barada buýsanç bilen belläp, kitapda ynsan saglygyny goramakda möhüm bejerijilik, şypa berijilik ähmiýeti bolan ösümlikleriň melhemlik häsiýetli aýratynlyklary, ösüşi, ýaýraýşy, ýygnalyşy, saklanylyşy, olardan dermanlyk serişdeleriniň taýýarlanylyşy hem-de ulanylyşy bilen bagly maglumatlaryň giňişleýin beýan edilýändigini gürrüň berdiler. Kakamyrat RAHMEDOW,

TFF-niň täzelikleri

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşar. Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi saýlama tapgyryň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini çagyrdy. Aziýa Kubogy – 2022-niň saýlama tapgyrynyň «F» toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu aýyň dowamynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

Ýurdumyzyň futbol çempionaty başlandy

20-nji oktýabrda ýurdumyzyň 29-njy futbol çempionaty bäşinji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy bilen badalga aldy. Bu duşuşyk paýtagtymyzda geçirilip, onda geçen möwsümiň çempiony «Altyn Asyr» ýeňiş gazandy. Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary myhmançylykda «Aşgabatdan» 3:1 hasabynda üstün çykdy.