Ýaşlar syýasaty: döwrebap ädimleriň netijeleri

22 Oktýabr 2021
833

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guraýan çäreleridir wagyz-nesihat duşuşyklary diýseň uly ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Şeýle çäreler ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde örän netijelidir. Çünki ýörite tassyklanan meýilnama esasynda amala aşyrylýan şol çäreler ýaşlar hakyndaky aladanyň many-mazmunyny özünde jemleýär. Galyberse-de, olaryň yzygiderliliginiň üpjün edilmegi ýaşlar üçin has-da täsirliligini gazanmaga ýardam berýär. Ynha, tamamlanyp barýan hepdede hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň guramagynda şonuň ýaly çäreleriň ikisi geçirildi.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» ugur alnyp, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny ösdürmek maksady bilen guralan wagyz-nesihat duşuşygy «Ýaşlar geljegidir eziz Watanyň» diýlip atlandyryldy. Ähmiýetli maslahaty biziň zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde gurady.