Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry hökmünde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman lukman Arkadagymyzyň paýhasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, birnäçe enjamlar sowgat berildi. Şu ýyl Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Aşgabat şäherinde ýerleşýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine gaznanyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» öndürijisiniň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamynyň sowgat berilmegi taryhy wakadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, ekologiýa taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady bolan Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işlere badalga berildi. Onda öndüriljek önümler diňe bir içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletiň eksport mümkinçiliklerini-de artdyrar.