Bagtyýarlygyň gözbaşy

5 Iýul 2024
530

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini berjaý edip, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin öňde täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek hem-de ösdürmek babatda köp işler durmuşa geçirildi.

Welaýatlarda sport mekdepleri we sport desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Her bir ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda ähli şertler döredilýär. Sagdynlyk, berk bedenlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi – bularyň ählisi adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmaga kömek edýär. Saglyk – bu bahasyna ýetip bolmajak her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. Sporta gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň gözbaşy, durmuşa bolan höwesi, söýgini artdyrýan egsilmez güýç hökmünde ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň Berkarar Watanymyzda milli sporty wagyz etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da berk ornaşdyrmakda üstünlikli amala aşyrýan giň gerimli tutumlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Bize halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Süleýman JUMAGYLYJOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň dekany.