Ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyrymyzyň abraý-mertebesiniň dünýäde has-da beýgelmegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň päk ahlaklylyk, edep-terbiýe, watansöýüjilik, gözelligi wasp etmek, berkarar döwlet baradaky ynsan aňyna we ýüregine ornaýan gymmatly ündewleri biziň döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär» diýip belleýär. Bu jümleleriň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna beýik Pyragynyň saglyk, sagdynlyk, lukmançylyk babatdaky öwüt-ündew häsiýetli goşgularynyň çuň many-mazmunyna aralaşanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
At-owazasy, gymmatly şygyrlary dünýä dolan Magtymguly Pyragy: