Türkmen futbolynyň taryhyndan

29 Oktýabr 2021
1194

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, futbola hem uly üns berilýär. Şonuň netijesinde futbolçylarymyz halkara arenalarynda üstünlikli çykyş edýärler.

Aslynda türkmen futbolçylarynyň gatnaşan ilkinji halkara ýaryşy haçan we haýsy toparlar bilen geçirildikä? Muny bilmek üçin arhiwiň maglumatlaryna ýüzlenmegi makul bildik. Öz gözbaşyny geçen asyryň başlaryndan alyp gaýdýan türkmen futbolyndaky ilkinji halkara ýaryşy 1927-nji ýylda geçirilipdir. Şonda futbolçylarymyz Eýranyň işçi-sport guramalarynyň çagyrmagy boýunça Maşat şäherinde halkara ýoldaşlyk duşuşyklaryna gatnaşypdyrlar. Maşadyň hem-de Tähranyň ýygyndy toparlary bilen geçirilen şol duşuşyklaryň örän çekeleşikli häsiýete eýe bolandygy barada taryhyň saralan sahypalarynda beýan edilýär. Bar bolan maglumatlara görä, şol duşuşyklaryň ilkinjisinde türkmen futbolçylary 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başarypdyrlar.

Arhiw maglumatlary esasynda taýýarlan Annatäç ATAÝEWA,
Aşgabat şäheri.