"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Röwşen ertirimiziň eýeleri

Bu gün ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça durmuşa geçirilýän işler Arkadag Prezidentimiziň ýaşlara uly ynam bildirýändigini görkezýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netijesinde bolsa möhüm ädimler ädilýär. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirýän çäreleri hem möhüm ähmiýetlidir. Şolaryň hatarynda däp-dessurlarymyza, ene-mamalardan gelýän el işlerine söýgi döretmek maksady bilen, milli el işlerini ýerine ýetirmek arkaly ýokary ahlak terbiýesini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat duşuşygyny hem görkezmek bolar. Şeýle-de, «Aşgabat» köpugurly stadionynda «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde «Sport sagdynlygyň gözbaşy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik guralsa, ministrligiň muzeýinde ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler barada söz açýan «Tälim berer, tärin biler halypa» atly halypa-şägirtlik hem-de ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak maksady bilen arassaçylyk işlerini geçirmegiň ähmiýetini wagyz edýän «Sagdyn jemgyýet-bagtyýarlygyň daýanjy» atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.

Okuw-türgenleşikler dowam edýär

21-nji oktýabr – 18-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäheriniň Gökdere jülgesindäki «Nebitçi» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymlary Mansur Rejepowyň, Meretguly Sähetmyradowyň we Gurbandurdy Amanowyň ýolbaşçylygyndaky okuw-türgenleşikler günde iki wagtyna alnyp barylýar.

Kämillik ýolundaky ädimler

Göräýmäge sportuň gyşky görnüşleri güneşli Diýarymyz üçin täzeçillik ýaly görünse-de, türkmenistanly ýaşlaryň ençemesi hokkeý, figuralaýyn typmak we şort-trek ýaly görnüşlere uly gyzyklanma bildirip, milli we halkara derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Ýakynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda guralan görkezme çykyşlary hem ýaşlaryň buz üstündäki sport görnüşlerinde başarnyklaryny barha ýokarlandyrýandyklaryny görkezdi. Bu çykyşlar bäsleşik häsiýetinde bolmasa-da, gatnaşyjylar oňa uly jogapkärçilik bilen çemeleşip, türgenleşiklerde ele alan ähli başarnyklaryny aýan etmek ugrunda yhlasyny gaýgyrmadylar. Çykyşlaryň öň ýanynda tälimçileriň şägirtlerine jan edip ýetirmäge synanyşýan görkezmeleri we çykyşlaryň dowamynda olaryň her bir hereketini üns bilen synlap baha bermekleri öz kärini söýýän adamlar üçin meşgullanýan işiniň juda ähmiýetlidigini aňladýar. Bu ýerde K.Mowsesýan, Ý.Wahitowa, I.Agzamowa, A.Gulamalyýewa ýaly tejribeli tälimçiler ýaş gyzlardan hakyky türgenleri taýýarlamak ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler.

Halypalar hem şägirtler

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Tagan Baýramdurdyýew adyndaky geňeşligindäki sport mekdebi ýaşlaryň uly höwes bilen gatnaýan ýeridir. 2015-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen 350 orunlyk sport mekdebinde 6 görnüş: futbol, woleýbol, milli göreş, kýokuşinkaý karate, boks hem-de konkur boýunça türgenleşikler geçirilýär. Häzirki wagtda mekdepde 19 topar bolup, 8 tälimçi zähmet çekýär. Aşyrgeldi Ataýew, Rejepguly Hojamyradow, Begli Garajaýew ýaly tälimçiler öz tejribelerini ýaşlara öwredýärler.

Sagdyn nesil – bagtyýar nesil

Milli Liderimiziň tagallasy bilen durmuşa ornaşdyrylýan sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli talyp türgenleriň arasynda geçirilen brifing diýseň täsirliligi bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen bilelikde geçiren duşuşygy «Arkadagly döwrüň bagtly ýaşlary» diýlip atlandyryldy. Institutymyzyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň okuw binasynda geçirilen ajaýyp çärede edilen çykyşlarda üstümizdäki ýylyň başynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerindäki çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de onuň ähmiýeti giňişleýin bellenildi. Ýeri gelende nygtasak, şol Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça meýilnamanyň çäklerinde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getrirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär.

Hormata mynasyp halypa

Bagtyýar zamanamyzda öz saýlap alan hünärinde yhlas-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýän adamlaryň sarpasy belentde tutulýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli tutanýerli zähmeti bilen tapawutlanan ildeşlerimiziň uly toparyna döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy we hormatly atlaryň dakylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şanly senäniň bellenilen günlerinde «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ada mynasyp bolanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebiniň baş tälimçi-mugallymy Rawza Nabiullina hem bar. Rawza Nabiullina heniz çagalyk döwründe sport bilen bagry badaşyp, ony ömürlik hemrasyna öwren ynsanlaryň biri. 1971-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan Rawza orta mekdebe gadam basan ilkinji günlerinden sportuň ilki tans, soňra basketbol görnüşlerinde öz başarnyklaryny synaýar. Emma 9 ýaşynda suwda ýüzmek bilen meşgullanmaga başlaýar we bu görnüşiň hut özüne laýykdygyna göz ýetirýär. Heniz 6-njy synpda okaýan döwründe suwda ýüzmek boýunça ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysynyň düzümine girmegi başarýar. Häzirki «Olimp» orta sport mekdebinde okaýan mahaly 50, 100 we 200 metr aralyklara ýüzmekde birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolmagyň hötdesinden gelýär.

Sport we ýaşlar syýasaty

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 2-nji sport mekdebinde Köýtendag etrap Merkezi kitaphanasy bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary, türgenleri, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynda ene topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olaryň ýygnalyşy, saklanylyşy, şeýle hem olardan dermanlyk serişdeleriniň taýýarlanyşy baradaky maglumatlar beýan edilip, bu baradaky söhbetler edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Dabaranyň çäklerinde «Arkadagyň ajaýyp kitaplary» ady bilen kitap sergisi guraldy.

Manyly ömrüň 80-nji güýzi

Futbol meýdany onuň gününiň köp bölegini geçirýän ýeri. Bu ýerde ol özüni edil öz öýündäki ýaly rahat duýýar. Halypany, köplenç, şol ýerde — futbol meýdanynda, çagalara kä hüjümdir goragy, käte derwezeçi oglanjyga nirede, nähili durmalydygyny öwredip duran ýagdaýda görmek bolýar. Bir görseňem, ol çagalara nämedir bir zady janygyp düşündirip durandyr. Şonda halypa futbol meýdanyna girip, topy derwezä tarap özi alyp gidäýjek ýaly görünýärdi. Meger, şonuň üçindir, biz ony hemme zatdan beter manyly ömrüni futbola bagyş eden, ýaşy bir çene baryberse-de, işe juwanlyk hyjuwy bilen ýapyşýan kiçigöwünli adam hökmünde tanaýarys. Halypa hünärmene Baýram Gutlyýew diýýärler. Ol indi onlarça ýyllaryň dowamynda ala topuň yşkynda gezip ýörşüne sekiz onlugy arka atdy. Bu günki gün Baýram aganyň «Kolhozçy» toparynyň sag gyraky goragçylygyndan çagalara futbolyň inçe syrlaryny öwredýän tälimçiligine çenli geçilen ömür ýolunda ýatlara zat köp. Ýöne ol elmydama-da özi barada däl-de, tälimçileridir ýoldaşlary barada gürrüň berenini kem görenok. Aşgabatda önüp-ösen Baýram aga çagalar tälimçisi Gennadiý Saruhanowyň elinde tälim alýar. Ol 1959-njy ýylda ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysyna çagyrylýar. Şol döwürde bu topar Çimkentde ozalky SSSR-iň ýaşlar ýygyndysynyň arasynda geçirilen birinjilikde bürünç medala mynasyp bolýar.

Saglyk hem ýaşlar syýasaty

Golaýda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Duşuşykda sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlarynyň çykyşlaryna hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň öwüt-ündewlerine giň orun berildi. Çykyşlarda sportuň we bedenterbiýäniň ynsan durmuşyndaky orny, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýeti, agyz-burun örtüklerini dakynmak arkaly ýokanç kesellerden goranmagyň zerurlygy hem-de iki metr araçägi saklamak ýaly döwrüň hökmany hasaplanýan kadalarynyň many-mazmuny degerli deliller arkaly düşündirildi.

Aýdym-sazly dabara

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Aşgabat» köpugurly stadionynda Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren kitaplaryny, sport we ýaşlar syýasatyny wagyz etmek maksady bilen, «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. «Aşgabat» köpugurly stadionynyň mejlisler zalynda ýaýbaňlandyrylan duşuşykda stadionyň medeniýet bölüminiň müdiri B.Hamedow, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň esasy hünärmeni B.Annaorazowa hem-de 6-njy Saglyk öýüniň maşgala lukmany E.Orazowa dagy çykyş etdi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hem-de Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Döwlet maksatnamalary» we olary amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýeti, ýurdumyzda sport we ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny mahabatlandyrmak, ýaşlarda sport we sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek, olary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek barada edilen söhbetler çykyşlaryň özenini düzdi.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, kanun bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Institutyň mejlisler zalynda ýaýbaňlandyrylan duşuşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň, Jenaýat agtaryş müdirliginiň, 6-njy bölüminiň hem-de 4-nji müdirliginiň, 2-nji bölüminiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy B.Jumaýewa, Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany Ş.Arabowa dagy çykyş etdi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, milli ahlak ýörelgelerine laýyklykda durmuş tertibini alyp barmak hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak barada edilen çykyşlar talyp ýaşlar tarapyndan uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

«Ahal» ýeňişli ýolda

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynda geçen möwsümi öňdäki orunlarda tamamlan «Altyn Asyr» bilen «Ahal» toparlary duşuşdylar. Bu duşuşyk toparlaryň möwsüme taýýarlygyny görkezmelidi. Bu şeýle-de boldy. «Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşyk mümkinçiliklerini has ýerlikli peýdalanan «Ahal» toparynyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Toparyň düzüminde milli ýygyndymyzyň agzalary Arslanmyrat Amanowyň, Resul Hojaýewiň, Ata Geldiýewiň, Elman Tagaýewiň... netijeli çykyş edendiklerini bellemek gerek.

Ýaşlar ýygyndymyz Aziýa Kubogynyň final böleginde

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy 2022-nji ýylda Daşkent şäherinde 23 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge hukuk gazandy. Ahmet Agamyradowyň tälim berýän ýygyndy topary Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eden «F» toparçasynda ikinji orny eýeledi. Ilkinji duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndy toparyndan 1:0 hasabynda ýeňlen ýaşlar ýygyndymyz ikinji oýnunda palestinaly deň-duşlaryndan 3:1 hasabynda üstün çykdylar.

Ýyllara per bermeýän ýyldyz

Möwsümiň başynda Kriştianu Ronaldunyň özüniň ýyldyz oýunçy hökmünde kemala gelen topary «Mançester Ýunaýtede» gaýdyp gelmegi futbol janköýerleriniň hem-de bilermenleriň arasynda uly seslenme döretdi. Olaryň arasynda Ronaldunyň öňküleri ýaly ezber oýun görkezmeýändigini aýdýanlary hem tapyldy. Emma portugaliýaly ýyldyz möwsümiň başyndan bäri 15 duşuşykda 15 gol geçirmegi başardy hem-de öz adyna birnäçe rekordlary ýazdyrdy. 3-nji noýabrda Çempionlar ligasynyň toparçadaky duşuşygynda myhmançylykda «Atalantanyň» derwezesine 2 gol geçiren Ronaldu toparyny ýeňlişden halas etdi. Şeýle hem onuň «Ýunaýtediň» düzüminde Çempionlar ligasynyň ähli duşuşyklarynda gol geçirendigini bellemek gerek. Biz hemişe juwan Ronaldunyň geçirýän gollaryny we ajaýyp beden taýýarlygyny görmäge öwrenişip, onuň ýaşynyň eýýäm 37-ä golaýlap barýandygyny ýatdan çykarýarys. Bu ýaşda köp futbolçylar hormatly dynç alşa çykýarlar. Ronaldu bolsa henizem rekordlary täzelemegi dowam edýär. Bizem şu makalada ýaşy portugaliýaly ýyldyzyňkydan-da kiçi bolan we öz döwründe onuň bilen bir toparda oýnap, eýýäm futbol bilen hoşlaşan käbir meşhur futbolçylar barada söhbet etmegi makul bildik. Sami Hedira (34 ýaş) – germaniýaly ýarym goragçy Madridiň «Realynda» (2010 – 2015) we «Ýuwentusda» (2018 – 2020) Ronaldu bilen bilelikde çykyş edipdi. Geçen ýylyň güýzünde «Ýuwentus» Hedira bilen ýoluny aýyrmagy makul bildi

Welaýatlardan habarlar

Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki sport mekdebinde sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, gandbol boýunça hem ýaşlara ýokary derejede tälim berilýär. Men hem zähmet çekýän gandbol boýunça gurnagymyzda 2004 – 2008-nji ýyllarda doglan oglanlardan ybarat toparlary türgenleşdirýärin. Ýaş gandbolçylar türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaşýarlar, barha kämilleşmek üçin ähli ukyp-başarnyklaryny orta goýýarlar. Döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin mekdebimiziň tälimçileriniňem, türgenleriniňem Gahryman Arkadagymyza alkyşlary egsilmezdir. Gülşirin ÖRÄÝEWA,

Kämillik mekdebi

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebinde 20 tälimçi zähmet çekýär. Bu ýerde 47 topar bolup, 500-den gowrak türgen türgenleşýär. Sport mekdebinde sportuň 8 görnüşi: söweş sambosy, sambo, erkin göreş, grek-rim göreşi, uşu, agyr atletika, pauerlifting, jiu-jitsu boýunça türgenleşik sapaklary geçirilýär. Sport mekdebimizde Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparynyň türgenleri hem türgenleşýärler. Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallalaryna jogap edip, biz — sport ulgamynyň işgärleri geljekde hem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Ata-babalarymyz «Saglygym – baýlygym» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Saglyk her bir adamyň başynyň täjidir. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Sport we sagdynlyk ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen we durmuşa ornaşdyrylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleri hem ilatyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak we ilatymyza berilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Ýaşlar – ýurduň gelejegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlerde ýaş nesle aýratyn orun degişlidir. Şunda sport we bilim düşünjeleri bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Sebäbi beden taýdan sagdyn adamyň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ruhubelent ynsanyň bilimler dünýäsine has çuň aralaşmaga ukyplydygy öz-özünden düşnüklidir. Beden we aň-düşünje taýdan sagdyn adamlar ähli döwürlerde-de islendik jemgyýetiň bezegi bolup gelýärler we hut şolar bilen durmuş gözelleşýär, hut şolar bilen jemgyýeti ösüşlere besläp bolýar. «Ylym-bilimiň, sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň sazlaşýan ýerinde ynsan özüni bagtyýar duýýar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda bu ajaýyp sazlaşygyň jemgyýetimiziň bezegine öwrülendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Biz Diýarymyzda sporty ösdürmekde, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Taryhda şu gün

Futbol ýoluna 1995-nji ýylda «Breşiýa» toparynda başlan Pirlo Milan şäheriniň «Inter», «Milan», Turiniň «Ýuwentus» toparlarynda hem çykyş etdi.

Sagdyn durmuş – bagtyýar durmuş

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy sagdynlygyň, sportuň, ruhubelentligiň ýurduna öwren, raýatlaryň saglygyny goramagy, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmegi ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde şeýle diýip nygtady: «Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, jemgyýetde sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny emele getirmek, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty has-da işjeňleşdirmek boýunça uly işler geçirilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzda birnäçe howply ýokanç keseller ýok edildi. Bu ugurda gazanylan üstünlikler üçin halkara güwänamalar we tassyknamalar berildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda häzirki zaman hassahanalary we ylmy-kliniki merkezler, Olimpiýa şäherçesi, köpugurly sport toplumlary, stadionlar, sport meýdançalary guruldy. Sportuň döwrebap üpjünçilik ulgamlary döredildi».