"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Öňbaşçylaryň nobatdaky ýeňişleri

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň altynjy tapgyrynda öňde barýan toparlaryň üçüsi-de ýeňiş gazandy. «Ahal» «Aşgabat» toparynyň garşysyna geçiren duşuşygyny 3:1 hasabynda öz peýdasyna tamamlap, toplan 16 utugy bilen öňdäki orny eýelemegini dowam edýär.

Naýbaşy kubok ugrunda

Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony hem-de Kubogynyň eýesi «Altyn Asyr» bilen Kubok ugrundaky bäsleşigiň finalynda çykyş eden «Köpetdag» toparlary Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşykda bäsleşerler. Bu duşuşyk 23-nji noýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda geçiriler.

«Nebitçili» menziller

Şeýle bir futbolçylar bolýar, olar futbol ýolunyň bütin dowamynda şol bir toparda çykyş etmek bilen, aýdylyşy ýaly, onuň «ody bilen girip, küli bilen çykýarlar». Biziň bu günki söhbetdeşimizem şolaryň biri. Häzirki wagtda Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» futbol toparynyň derwezeçileriniň tälimçisi bolup işleýän Rejepberdi Bagaberdiýew bilen söhbetdeşligimiz onuň çagalyk ýyllaryndan gözbaş aldy. – Rejepberdi aga, söhbetimize önüp-ösen ýerleriň, futbola höwesiň döreýşi hem-de bu ugurdaky ilkinji ädimleriň hakyndaky gürrüň bilen başlaýsak!

«Altyn topa» kim mynasyp?

Ýene bir hepdeden gowrak wagtdan, has takygy 29-njy noýabrda Parižde geçiriljek dabarada ýylyň iň ökde futbolçysyna gowşurylýan «Altyn top» baýragynyň eýesi mälim ediler. Geçen aýda baýragy gowşurýan «France Football» neşiri esasy dalaşgärleriň 30-syndan ybarat sanawy tanyşdyrdy. 2020-nji ýylda dünýäde saglyk bilen baglanyşykly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli «Altyn topuň» hem hiç kime gowşurylmandygyny bellemek gerek. Şu ýyl bolsa arzyly baýraga mynasyp oýunçyny görkezmek aňsat däl. Ronaldu we Messiniň eýýamynyň tamamlanýan döwründe ýylyň iň ökde oýunçysy kim bolarka? Geliň, şu ýerde futbol hünärmenleriniň esasy dalaşgärler baradaky pikirleri bilen tanşalyň! Robert Lewandowski

Taryhda şu gün

Esasan, hüjümde çykyş eden Karlos sport ýolunyň dowamynda NBA-nyň «Kliwlend Kawalýers» (2002-2004), «Ýuta Jazz» (2004-2010), «Çikago Bullz» (2010-2014) hem-de «Los-Anjeles Leýkers» (2014-2015) toparlarynda çykyş etdi. Karýerasynyň soňky ýyllarynda Hytaýyň «Guandun Sauzern Taýgers» (2016-2017) toparynyň köýnekçesini geýen bu basketbolçy 2007-nji hem-de 2008-nji ýyllarda NBA-nyň hemme Ýyldyzlarynyň duşuşygyna gatnaşmaga çakylyk aldy.

Gül-gülüstan, bagy-bossan – ata Watan Türkmenistan

Gözel tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek, bagy-bossanlyga büremek, şeýdibem sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly halkymyzyň ýaşaýan jemgyýetinde daşky gurşawyň arassa bolmagyny gazanmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bag ekmekligiň iň ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridigi bolsa döwrüň öňe çykarýan hakykaty. «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag – ekeniňki, ýap – çekeniňki» diýlişi ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerip, her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallaryny ekmek indi asylly däbe öwrüldi.

Kämil sportuň bezegi

2017-nji ýylda «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bedenterbiýe we sport hünärmenleri üçin esasy ýörelge boldy. Bu kanun Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň Bütindünýä dopinge garşy kodeksiniň, ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasynyň dünýäde ykrar edilen esasy ýörelgelerini hem özünde jemleýär. Türkmenistanyň dopinge garşy milli agentliginiň döredilmegi bolsa mundan beýläk-de sportda dopinge garşy göreşi has hem güýçlendirmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, ol ýurdumyzda hem beýleki döwletlerde guralýan sport baýramçylyklarynda türgenlerimiziň esasy ýörelgesi bolýar. Elbetde, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde Doping gözegçilik merkeziniň bolmagy-da kanunalaýyklykdyr. Çünki halkara ýaryşlaryna gatnaşjak türgenlerimiziň bedeniniň ukyp-başarnygyna gözegçilik etmek bilen bir hatarda, olaryň doping serişdelerinden azat bolmagyny gazanmagymyz hem hökmany talapdyr. Şol sebäpden hem, olaryň tebigy fiziki durkuny berkidip, özüne bolan ynamyny artdyrmak arkaly ýeňşe, üstünlige ýetip biljekdigi tälimçiler, professor-mugallymlar tarapyndan öwran-öwran nygtalýar.

Tebigatyň gözelligi – sagdynlygyň sakasy

Ýylyň ähli paslynda gök öwsüp oturan arçaly dereleri bilen kalbyňa aram, köňlüňe ylham berýän türkmen tebigaty biziň umumy öýümizdir, sagdyn we bagtyýar durmuşymyzyň sakasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy goramaga, onuň baýlyklaryndan aýawly peýdalanmaga, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berilýär. Geçen hepdäniň şenbe güni Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde – Köpetdagyň eteginde, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň dikeldilýän ýeriniň golaýynda ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak dabarasy bilen badalga berlen güýzki bag ekiş möwsümi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ajaýyp çärä ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işgärleri bilen birlikde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda şäherleriňdir obalaryň gözelligine görk goşýan, howanyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýan, ynsan saglygyny berkidýän agaçlar köpçülikleýin ekilýär. «Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýän baglaryň senagat desgalarynyň howa goýberýän tozan, çaň, tüsse, gurum, zyýanly gazlar ýaly dürli görnüşli galyndylaryny özünde saklap galýandyklary we zyýansyzlandyrýandyklary mälimdir.

Zähmete sarpa

Adamlaryň tutanýerli zähmeti jemgyýetiň kämilleşmeginiň hem-de döwletiň barha kuwwatlanmagynyň esasy şertleriniň biridir. Hut şonuň üçinem Diýarymyzda döredijilikli zähmeti bilen görelde görkezýän ildeşlerimiziň hormaty belentde tutulýar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenen günlerinde raýatlaryň uly toparyna döwlet sylaglarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynyň mysalynda hem şaýat bolduk. Yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan ildeşlerimiziň hatarynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýolöten etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy Aganazar Haýytgulyýew hem bar. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň eýesi Aganazar Haýytgulyýew ykbalyny sporta baglan hünärmenleriň biri. 1973-nji ýylyň noýabrynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda doglan Aganazar kiçilikden, has takygy mekdebe gadam basan döwründe futbol bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar. Ýaşyl meýdanda sag gyraky ýarym goragçynyň ýerinde oňat oýun görkezmegi başaran Aganazar geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Türkmengala etrabynyň «Kolhozçysynyň» düzüminde oýnaýar. Orta mekdebi tamamlap, Watan öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip gelensoň, 1994 – 1998-nji ýyllarda häzirki Türkmen döwlet bedenterbiýe we spo

Nusgalyk görelde

Türkmenistanyň dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmeginiň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň köpdügine garamazdan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy biziň her birimiz üçin nusgalyk göreldedir. Hormatly Prezidentimiziň adaty endigine eýerip, atçylyk sport toplumyna baryp, behişdi bedewlerimiz bilen didarlaşmagy, Olimpiýa şäherçesinde bolup, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, esasan hem, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga höweslendirýär.

Bedenterbiýe we ynsan saglygy

Sportda ýokary netijeleri gazanmak üçin adamlaryň güýçli fiziki we ruhy synaglara öwrenişmek ukybyny ýüze çykarmak hem-de ynsanyň bedenine zyýan bermän, şol talaba uýgunlaşmak ukybyny ýokarlandyrmak zerurdyr. Ýöne bu mesele sport bilen meşgullanjak adamyň fiziki aýratynlyklaryna-da baglydyr. Bu aýratynlyklar türgenleriň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmaga päsgel bermeli däldir we sport lukmanlary bilen bilelikde amala aşyrylmalydyr. Häzirki wagtda türgeniň işjeňligini ýokarlandyrmakda dermanlyk ösümlikler hem giňden peýdalanylýar. Bu işde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti diýseň uludyr.

Sport – ýaşlaryň hemrasy

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda sport we ýaşlar syýasatyny giň gerimde ýaýbaňlandyrmak barada durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny hem görkezmek bolar. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän sport desgalarydyr mekdepleri ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna giň şert döredýär. Serhetabat etrabynda hem 2015-nji ýylda sport mekdebi ulanylmaga berildi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän sport mekdebi tejribeli tälimçileriň zähmet çekmegine, şeýle hem sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň görnetin artmagyna getirdi. Hormatly Prezidentimiziň sporta uly üns bermegi netijesinde orta mekdeplerde bedenterbiýe sapagy gaýtadan dikeldildi. Şeýle hem sapak sanynyň köpeldilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar we sport syýasatynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Zähmet çekýän orta mekdebimizde okuwçylar bedenterbiýe sapaklaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Olar köpýyllyk tejribesi bolan halypa tälimçi-mugallymlardan sportuň dürli görnüşlerinden tälim alýarlar. Esasan hem, woleýbol boýunça etrabymyzda geçirilýän bäsleşiklerde mekdebimiziň dürli ýaşdaky okuwçylardan düzülen toparlar üstünlikli çykyş edýär.

Okuw-türgenleşik sapagy

Ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň kämil taýýarlygynda sport mekdeplerimiziň işiniň guralyşynyň ähmiýeti hem diýseň uludyr. Çünki ýygyndy toparlarymyzyň agzalary şol mekdeplerde kemala gelýärler, kämilleşýärler. Şeýle mekdepleriň ýygyndylarymyzyň şu günki ykjam taýýarlygyndaky orny bolsa golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan gandbol boýunça okuw-türgenleşiginde aýdyň beýanyny tapdy. Okuw-türgenleşik sapagy Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, paýtagtymyzyň 8-nji sport mekdebi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan guraldy. Gandbol boýunça okuw-türgenleşik sapagynda ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň agzalarynyň ünsi sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimleri, aýratynlyklary hakyndaky maglumatlara çekildi. Bu ýerdäki okuw-türgenleşik sapagyny ussat hünärmenleriň, tälimçi-mugallymlaryň alyp barmagy ýygyndy toparymyzyň kämillik menzillerini ynamly külterlemegini gazanmakda diýseň ähmiýetlidir. Sportuň bu görnüşi boýunça her bir hereketiň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi ýaşlaryň ykjam taýýarlygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Bu bolsa gandbol boýunça ýygyndy toparymyzyň iri ýaryşlara, sport baýramçylyklaryna taýýarlygynyň nyşanydyr.

Sport we ýaşlar syýasaty

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda Akbugdaý etrabynyň 45-nji orta mekdebinde ýaş nesli sporta çekmek hem-de ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmak, şeýle hem sport mekdeplerinde sportuň täze görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen, welaýatyň orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlarynyň arasynda okuw-maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler türkmen sportunyň hak howandary hormatly Prezidentimize ýaşlaryň sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bäşim ÇOPANOW,

Nobatdaky tapgyryň duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň dördünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary ýeňiş gazandylar. «Ahal» paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul etdi. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanan «Ahal» 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 13 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär.

TFF-niň täzelikleri

Ýakynda futbol boýunça ýurdumyzyň Kubogynyň çärýek finalynyň duşuşyklary geçirildi. «Aşgabat» topary paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda «Ahaly» kabul etdi. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan «Ahal» 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

«Barselona» we Hawi: ezeli söýginiň täze sahypasy

Soňky möwsümlerde janköýerlerini ozalkylary ýaly ýokary netijeleri bilen begendirmeýän «Barselonanyň» şu möwsümdäki ýagdaýy hem öwerlik däl. Topar Ispaniýanyň çempionatynda 12 tapgyrdan soň, 17 utuk bilen 9-njy orunda barýar. Şeýle ýagdaýda «Barselonanyň» ýolbaşçylary topary ruhy taýdan galkyndyrmak we ýokary netijeleri gazanmak üçin gollandiýaly baş tälimçi Ronald Kumany wezipesinden boşadyp, rowaýaty oýunçy Hawiniň tälimçi hökmünde gaýdyp gelýändigini yglan etdiler. «Barselona» bilen Hawiniň hekaýasy örän köp ýyllara uzaýar. Geliň, şu ýerde şol taryhyň iň gyzykly pursatlary bilen tanşalyň! Hawýer Ernandes Kreus ýa-da Hawi – Barselonanyň ýakynyndaky Tarrasa şäherinde futbolçylaryň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy futbolçy, atasy Žuame bolsa wagtynda şäheriň ýerli toparynyň ýolbaşçysy bolupdyr. Žuame futbol bilen meşgullanan agtyklarynyň arasynda Hawä has köp ähmiýet beripdir we hemişe: «Meniň şu agtygym «Barselonada» oýnar» – diýip tekrarlapdyr.

Welaýatlardan habarlar

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň ýaş türgenleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler milli Liderimiziň ýaş nesiller baradaky aladalaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, jemgyýetçilik ýerlerinde, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni ýola goýmakda, zyýanly endiklere garşy göreşmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny bellediler. Şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç keselleriniň öňüni almakdaky tagallalar we olaryň garşysyna göreşmegiň milli nusgasynyň döredilendigi barada giňişleýin aýdyp geçdiler. Çary KAKABAÝEW,

Ta­ryh­da şu gün

Şol ýylyň başlaryna WBC-niň ýolbaşçylarynyň bu agramyň iň ökde dört boksçysynyň arasynda bäsleşik guramak baradaky teklibini beýleki guramalar dessine goldapdylar. Şonda geçirilen bije çekişligiň netijesinde Holifild Bou bilen, Lennoks Lýuis bolsa Donowan Raddok bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldylar. Oktýabrda Lýuis Raddokdan üstün çykýar, onuň yzysüresi, has takygy 13-nji noýabrda bolsa Holifild bilen Bou ringde duşuşdylar. Bu duşuşygyň öňüsyrasynda hünärmenleriň aglabasy ýeňiş Holifildiň tarapynda bolar diýip çaklapdylar. Ýöne duşuşyga ykjam taýýarlanan Bou 12 raundyň dowamynda özi babatynda eminlere şübhelenere zat goýmaýar. Eminler topary Bouny biragyzdan ýeňiji diýip yglan edýärler. Soňlugynda «Ring» žurnalynyň bu duşuşygy «Ýylyň duşuşygy» diýip yglan edendigini hem bellemek gerek.

Ýaşlar syýasatynyň çäklerinde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ähmiýet berilýän ugurlaryň biri-de ýaşlar syýasaty bolup, bu hakykat Arkadag Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän belent ynamynda aýdyň beýanyny tapýar. Milli Liderimiz ýaşlaryň mümkinçiliklerine uly baha berýär. Şol sebäpden hem, ýaşlar hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän Arkadag Prezidentimiz olaryň köptaraply durmuş goraglylygyny gazanmak, döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur bolan şert-mümkinçilikleriň ählisini döretmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 10-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklary hem bu hakykatyň nobatdaky görkezijisine öwrüldi. Şonda Arkadag Prezidentimiz ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, şahsyýet hökmünde başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ileri tutulýan ulgama maýa goýumlaryny gönükdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, munuň üçin ýaş nesliň sebitleri hem-de tutuş ýurdumyzy dolandyrmak we ösdürmek işine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýaşlary goldamak boýunça maksatnamalar toplumyny taýýarlamagyň, eger zerur bolsa, bu maksatnamalara kanunçylyk derejesinde Milli Geňeşiň Mejlisinde garamagyň möhümdigini aýtdy.