Ýylyň ähli paslynda gök öwsüp oturan arçaly dereleri bilen kalbyňa aram, köňlüňe ylham berýän türkmen tebigaty biziň umumy öýümizdir, sagdyn we bagtyýar durmuşymyzyň sakasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy goramaga, onuň baýlyklaryndan aýawly peýdalanmaga, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berilýär. Geçen hepdäniň şenbe güni Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde – Köpetdagyň eteginde, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň dikeldilýän ýeriniň golaýynda ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak dabarasy bilen badalga berlen güýzki bag ekiş möwsümi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ajaýyp çärä ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işgärleri bilen birlikde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar.
Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda şäherleriňdir obalaryň gözelligine görk goşýan, howanyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýan, ynsan saglygyny berkidýän agaçlar köpçülikleýin ekilýär. «Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýän baglaryň senagat desgalarynyň howa goýberýän tozan, çaň, tüsse, gurum, zyýanly gazlar ýaly dürli görnüşli galyndylaryny özünde saklap galýandyklary we zyýansyzlandyrýandyklary mälimdir.