Bedenterbiýe we ynsan saglygy

12 Noýabr 2021
1026

Sportda ýokary netijeleri gazanmak üçin adamlaryň güýçli fiziki we ruhy synaglara öwrenişmek ukybyny ýüze çykarmak hem-de ynsanyň bedenine zyýan bermän, şol talaba uýgunlaşmak ukybyny ýokarlandyrmak zerurdyr.

Ýöne bu mesele sport bilen meşgullanjak adamyň fiziki aýratynlyklaryna-da baglydyr. Bu aýratynlyklar türgenleriň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmaga päsgel bermeli däldir we sport lukmanlary bilen bilelikde amala aşyrylmalydyr. Häzirki wagtda türgeniň işjeňligini ýokarlandyrmakda dermanlyk ösümlikler hem giňden peýdalanylýar. Bu işde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti diýseň uludyr.

Ogulsuraý ORAZGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň öwreniji mugallymy.