Wagyz-nesihat çäreleri dowam edýär

22 Oktýabr 2021
887

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», şeýle hem «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalarda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli guraýar. Şu ýylda kabul edilen bu iki Maksatnamalaryň çäklerinde guralýan wagyz-nesihat çärelerine talyp ýaşlar, türgenler we ýaş tälimçiler işjeň gatnaşýarlar.

Şeýle çäreleriň biri hem şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Dünýä doldy şöhratyň, şanyň, türkmen sporty!» ady bilen ýokary guramaçylykly geçirildi. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň guramagynda geçirilen bu duşuşykda ilatyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga hem-de türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen çäreler, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, beden hem-de ruhy taýdan kämil ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek boýunça geçirilýän işler barada gyzykly gürrüňler berildi.

Aşyrmämmet NURMÄMMEDOW, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň baş hünärmeni.
Surata düşüren Dörtguly Myratgulyýew.