Welaýatlardan habarlar

29 Oktýabr 2021
855

Ýakynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilen duşuşyga tälimçiler we ýaş türgenler gatnaşdy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda adam, onuň saglygy we abadançylygy hakynda yzygiderli alada edilýändigi babatda gürrüň etdiler. Şeýle wagyz-nesihat işleriniň ýygy-ýygydan geçirilmeginiň özi hem raýatlaryň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmaklary üçin uly ýardam bolup durýar. Duşuşykda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmalydygy, sagdyn iýmitlenip, arassa howada gezim etmelidigi barada aýratyn durlup geçildi.

Muhammet DURDYÝEW, TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.