Welaýatlardan habarlar

22 Oktýabr 2021
785

Daşoguz welaýatynyň «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginde zähmet çekýän dürli kärdäki zähmetkeşleriň, birleşigiň hünärmenleriniň we önümçilik birleşiginde tejribe toplaýan ýaşlaryň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Dabarada çykyş edenler giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze neşiriň hem edil beýleki jiltler ýaly, halkymyzyň ýankitabyna öwrüljekdigi barada buýsanç bilen belläp, kitapda ynsan saglygyny goramakda möhüm bejerijilik, şypa berijilik ähmiýeti bolan ösümlikleriň melhemlik häsiýetli aýratynlyklary, ösüşi, ýaýraýşy, ýygnalyşy, saklanylyşy, olardan dermanlyk serişdeleriniň taýýarlanylyşy hem-de ulanylyşy bilen bagly maglumatlaryň giňişleýin beýan edilýändigini gürrüň berdiler.

Kakamyrat RAHMEDOW,