20-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýan «Türkmen ýaşlary – golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahatyň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Okuw-maslahatyň barşynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy ýaşlaryň kanunçylyk babatda sowatlylygyny, birek-birege hoşniýetli gatnaşyklary, haýyr-sahawatlylyk we ýoldaşlaryňy goldamak ýaly duýgulary kemala getirmegiň hem-de meýletinçilik hereketini ösdürmegiň mazmuny olaryň arasynda adamkärçilik, rehim-şepagatlylyk, ynsanperwerlik gymmatlygyny wagyz etmekde meýletinçileriň ähmiýeti, şeýle hem bu işleriň ösen jemgyýeti kemala getirmekdäki orny barada çykyş etdi.