Şa serpaýly tälimçi

22 Oktýabr 2021
767

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kärine yhlas edip, özüni görkezeniň, umuman, zähmete sarpa goýýan adamlaryň öz sarpalary hem belentde tutulýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralarynyň bir-birine ulaşan günlerinde hem doly göz ýetirdik. Şol günler bu taryhy hem şanly sene mynasybetli raýatlaryň uly toparyna döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şolaryň hatarynda Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň basketbol boýunça tälimçisi, şol bir wagtda basketbol we 3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň oglanlardan düzülen ýaşlar ýygyndylarynyň, şeýle-de, Balkan welaýatynyň ýygyndy toparlarynyň baş tälimçisi Yslam Täçmämmedow hem bar. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň eýesi Yslam Täçmämmedow, aýdylyşy ýaly, ömrüni sporta bagyş edip ýören adam.

Geljekki basketbolçy 1976-njy ýylda Balkanabat şäherinde doglup, 10 ýaşynda basketbol bilen ymykly meşgullanyp ugraýar. Orta mekdepde okap ýören döwürlerinde Özbegistanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Ukrainada geçirilen halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklygy onuň bada-bat zehinli türgenleriň hataryna goşulanlygynyň güwäsidir. Yslam dogduk şäherindäki 15-nji orta mekdebi tamamlandan soň, ýagny 1993-nji ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň basketbol boýunça toparynyň düzüminde çykyş eden ýyllarynda ýurdumyzda geçirilen ýaryşlarda ençeme sapar ýeňiji bolmagy başarýar. Instituty üstünlikli tamamlandan soň, Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý edýär we harby gullukdan dolanyp geleli bäri, ýagny 1999-njy ýyldan bäri Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebinde ýaşlara basketbolyň inçe tilsimlerini öwredip gelýär.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Türkmen sporty».