Türkmen tennisi ýeňişli ýolda

22 Oktýabr 2021
821

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen sportunyň şowly hem şanly gadamlarynyň rowaç alýan zamanasy hökmünde dabaralanýar. Ýurdumyzda döredilýän giň şert-mümkinçilikleriň, berilýän goldawyň netijesinde türkmen türgenleriniň halkara arenasynda gazanýan üstünlikleriniň sany hem barha artýar.

Ine, şu günler Bahreýniň Madinat-Isa şäherinde dowam edýän Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň IV toparynyň Aziýa – Okeaniýa sebitiniň toparçalaýyn tapgyrynda ýygyndy toparymyzyň görkezýän ajaýyp oýny hem ýokarda aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.

Kakageldi GAJYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.