Bedenterbiýe we sport sagdynlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Ekologiýa üýtgeşmeleriniň täsiri, häzirki ösen durmuşda daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatda zyýanly mikroorganizmleriň köpelmegi adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Şonuň üçin bedeni taplamak örän wajyp bolup durýar. Bedeni taplamagyň özeni bolsa kadaly iýmitlenmekden, keselleriň öňüni almagyň çärelerini durmuşa geçirmekden, immuniteti ýokarlandyrmakdan hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakdan ybaratdyr.
Häzirki tehniki ösüşler döwründe kompýuterleriň, smartfonlaryň we beýleki adam zähmetini ýeňilleşdirýän tehnikalaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşmagy bedeniň fiziki işjeňligini belli bir derejede peseldýär. Bu bolsa adam bedeniniň kem-kemden gowşamagyna, beden agzalarynyň işiniň peselmegine, myşsalaryň güýjüniň gaçmagyna, içki agzalaryň üýtgemegine getirýär. Hereketiň peselmegi ähli agzalaryň işjeňligini gowşadýar. Şonuň üçin sport bilen meşgullanmak häzirki döwürde örän wajypdyr. Sport bilen meşgullanmak, hereket etmek daýanç hereket ediş ulgamyny berkidýär, myşsalaryň göwrümini ulaldýar, güýjüni artdyrýar, süňkleri berkidýär, myşsalaryň kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edýär. Sport bilen meşgullanmak daýanç ulgamyny birnäçe kesellerden goraýar. Işjeň hereketler nerw ulgamyny berkidýär, beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar. Beden has çylşyrymly daşky täsirlere çalt uýgunlaşýar. Ýürek-gan aýlanyş ulgamynyň işini ýokarlandyrýar. Sport bilen berkeýän beden ganyň düzümindäki süýjini we beýleki maddalary kadaly derejede saklaýar. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamlar depressiýa durnukly bolýar. Bedenterbiýe we sport ösýän çaganyň bedenine has oňaýly täsir edýär.