Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde

22 Oktýabr 2021
910

20-nji oktýabrda Bütindünýä dopinge garşy göreşmek agentliginiň guramagynda we bu guramanyň prezidenti Witold Bankanyň gatnaşmagynda Merkezi we Günbatar Aziýa döwletleriniň sport babatda ygtyýarly döwlet edaralarynyň, Milli olimpiýa komitetleriniň hem-de Dopinge garşy göreş boýunça milli agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlige türkmen tarapyndan Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow, Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi A.Akmämmedow, Dopinge garşy göreş barada Milli agentligiň başlygy L.Artykowa dagy gatnaşdy.

«Türkmen sporty».