TFF-niň täzelikleri

22 Oktýabr 2021
836

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşar.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi saýlama tapgyryň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini çagyrdy. Aziýa Kubogy – 2022-niň saýlama tapgyrynyň «F» toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu aýyň dowamynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

Taýýarlan Azat OMADOW,
sport synçysy.