Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň gerimli we aýdyň maksatly beýik işleriň toplumlaýyn durmuşa geçirilýän döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygynyň uly dabaralara beslenip bellenilýän şatlykly günlerinde Gahryman Arkadagymyz bagtyýar halkymyzy jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly ajaýyp eseri bilen serpaýlady.
Hormatly Prezidentimiziň täze eserinde hem ozalky kitaplaryndaky ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň belent waspy, Watan ezizligi, mukaddesligi baradaky paýhasly pikirler örboýuna galýar. Bu eserde hem köpýyllyk tejribä, giň dünýägaraýşa we öňdengörüjilige esaslanýan medeni, syýasy, ykdysady, ynsanperwer pikirler özboluşly beýanyny tapýar. Röwşen geljegimiziň berk binýady hasaplanylýan ýaş nesillerimiz üçin belent adamkärçilgiň, ahlaklylygyň, edep-terbiýäniň, maksada okgunlylygyň, tutanýerliligiň görelde mekdebi şöhlelenýär. Täze-täze belent sepgitlere, üstünliklere, halal zähmet çekmäge ganatlandyrýar.