"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Alkyş size, Arkadag!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda hormatly Prezidentimiziň Permanlary bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyna, döwlet sylaglaryna, şeýle-de, degişli Kararlara laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde Şa serpaýlaryna, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýadygärlik nyşanyna mynasyp bolan watandaşlarymyza sylaglaryň gowşurylyş dabaralary boldy. Dabara tamamlanansoň, biz sport ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik. Çarygeldi MÄMMEDOW, Türkmenistanyň Agyr atletika Milli federasiýasynyň baş kätibi, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

Sport mekdeplerinde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz türkmen sportuny ösdürmekde we kämilleşdirmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi, ýaş nesilleriň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler üpjün edildi. Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan ugur alnyp, biziň sport mekdebimizde hem häzirki günlerde sagdyn durmuş ýörelgelerini, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şol çärelerde nygtalyşy ýaly, her bir türgen sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryna hemişe ygrarly bolmalydyr, arassaçylyk babatda hem beýlekilere görelde görkezmelidir.

Welaýatlardan habarlar

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň sport syýasatynyň durmuşa geçirilmegine we ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmäge goşan şahsy goşantlary üçin Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdeplerinde we sport desgalarynda zähmet çekýän hünärmenlere, tälimçilere, işgärlere Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary we TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşiniň, TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Balkan welaýatynyň sport ulgamynda işleýän hünärmenleri ýaşlary sporta çekmekde, türkmen sportuny dünýä ýaýmakda alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Döwran PAKGYÝEW, Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

Hoşallyk maslahaty

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ilatymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek babatynda ägirt uly işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygy, şonuň bilen birlikde, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak, sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Türkmenistan döwletimizde Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Şa serpaýly tälimçi

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylýan günleri biziň zähmet çekýän sport mekdebimiziň tälimçidir mugallymlaryna, türgenlerine we beýleki işgärlerine hem şatlykly duýgulary bagyşlady. Mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Gulendam Narbaýewa hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy.

Baýramçylyk dabarasy

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki giň meýdançany uly ruhubelentlik joşguny gurşap aldy. Agşamara geçirilen dabarada welaýatyň tanymal aýdym-saz, tans toparlarynyň, sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna giň gerim berildi. Garaşsyz Watanymyzyň, Arkadagly beýik döwrümiziň, eşretli durmuşymyzyň waspy belent joşguna beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň düýp özenini düzdi.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler bölüminiň ýolbaşçysy, AFK-nyň futzal eminleriniň gözükdirijisi Wadim Baratow Bütinnepal Futbol Assosiasiýasynyň futzal eminleri bilen üç günlük onlaýn-maslahatyny geçirdi. Onlaýn-maslahatyň Bütinnepal Futbol Assosiasiýasynyň hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň başlangyjy boýunça geçirilendigini bellemek gerek. Onlaýn-maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar futzal oýnunyň düzgünleri bilen giňişleýin tanyşdyryldylar. Şeýle-de, maslahatda futzal oýunlarynyň düzgünleri wideomateriallar arkaly düşündirildi. Şeýle hem meýdançada emele gelen aýry-aýry ýagdaýlara seljerme berildi.

Taryhda şu gün

Şonda geçirilen ses berlişigiň netijesinde abraýly ýaryşy geçirmek Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherine ynanyldy. Ol bu ugurda Baku (Azerbaýjan), Doha (Katar), Madrid (Ispaniýa), Praga (Çehiýa), Tokio (Ýaponiýa), Çikago (ABŞ) hem-de Sankt-Peterburg (Russiýa) şäherlerini yzda galdyrmagy başardy.

Möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygy

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly bilelikdäki maksatnamasyna badalga berildi. Bu çäräniň çäklerinde wideoaragatnaşyk arkaly maksatnamanyň Dolandyryjylar Komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Dolandyryjylar Komitetiniň ilkinji mejlisine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

Otuz ýylda ak ýol geçen Watanym

«Garaşsyzlyk!» diýmek – ýurdumyň görki,«Garaşsyzlyk!» diýmek – halkymyň erki,Otuz ýylda Arkadagly Watanyň,Söýgüden gülledi bagt çoýan durky –Täze Zamananyň daňy atanym. Ile şöhrat berdiň, kuýaş, bagt berdiň,Agzybirlik tagtynda galkyndy gerden.Ak ýollardan alyp barýan Kerem Şa,Ilime sowulmaz şanly wagt berdiň,Türkmen Tugy Ýer ýüzüne beren şan.

Garaşsyzlyk – ýeňişleriň gözbaşy

Sport parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ösüşiň belentliklerine alyp barýan hereketdir. Olimpiýa oýunlarynyň taryhyna nazar aýlanyňda hem, sportuň ähli döwürlerde-de diňe bir aýratyn adamlaryň däl, eýsem tutuş jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda möhüm orny eýeländigine göz ýetirmek bolýar. Olimpiýa oýunlarynyň dörän mekany hasaplanýan Gadymy Gresiýada Oýunlaryň başlanan wagtyndan, tä olar tamamlanýança, şäher-döwletleriň arasyndaky uruşlardyr çaknyşyklar bes edilipdir. Ýurduň çar künjünden gelen türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça güýç synanyşypdyrlar. Ýeňijiler dogduk şäherlerinde gahrymanlar hökmünde belent hormata mynasyp bolupdyr. Bu gün hem sport ynsanlaryň saglygyny berkidýän, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge ýardam edýän, halklary doganlaşdyrýan jadyly güýje eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamy hem ösüşiň täze belentliklerine çykdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa türkmen sportunyň zer sahypalary ýazyldy. Türkmenistan ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň batly depginde ösýän, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän mekany hökmünde dünýäde tanaldy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap türkmenistanly türgenler sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bilen ildeşlerimizi begendirmegi başardylar. Türkmen sportunyň haklara arenasy

Şanly senä bagyşlanan sergi

21 – 22-nji sentýabrda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi ýaýbaňlandyryldy. Indi birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen gözden geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleri, halkymyzyň döredijilik kuwwaty, şol sanda türkmen sportunyň ýeten belent sepgitleri öz beýanyny tapdy.Şanly ýylda guralan sergi innowasiýalara daýanmak arkaly ykdysadyýeti köpugurly esasda ösdürýän Garaşsyz Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini we artýan serişdeler kuwwatyny dünýä äşgär etdi. Serginiň açylyş dabarasynda döredijilik toparlarynyň eziz Diýarymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşyjylarda baýramçylyk şatlygyny döretdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetilendigi nygtaldy.

Garaşsyzlyk – kalbymyzyň buýsanjy

Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan döwlet Garaşsyzlygy halkymyzyň Arşa galan ykbalynyň nyşanydyr. Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy, kalbymyzyň buýsanjy, ösüşlerimiziň ganaty. Hut şonuň üçinem, Garaşsyzlyk baýramynyň halkymyzyň esasy baýramydygy ikuçsyzdyr. Mukaddeslige deňelýän Garaşsyzlyk külli türkmeni bir supranyň başyna jemläp, bagtyýar durmuşyň eşretlerini eçildi. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eserinde: «Adam hem-de adamlar üçin, iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr» diýip belleýär. Dogrudan-da, bu gün halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň eçilen erkana, bagtyýar durmuşynda ömür sürýär, geljege uly umyt bilen garaýar. Garaşsyzlyk biziň nurana arzuwlarymyzyň, öňde goýýan maksatlarymyzyň özenidir. Garaşsyzlyk döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni we durmuş taýdan ösüşlere beslenen ýolunyň badalgasydyr.

Üstünliklere uzaýan ýol

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan sebit we dünýä derejesindäki halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän, ýokary tilsimatlar we sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap sport toplumlarynyň, häzirki zaman stadionlaryň, atçylyk-sport toplumlarynyň we beýleki desgalaryň bina edilmegi netijesinde türgenlerimiz iri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, döwlet Baýdagymyzy belentde parlatmagy başardylar. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynyň başynda «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi hem Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty dünýä derejesinde ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň nobatdaky subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň hem-de sport ulgamynda alyp barýan düýpli özgertmeleriniň netijesinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda olimpiýa ätiýaçlygyny ösdürmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň 6-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň mekdebiň a

Milli buýsanjymyz – Garaşsyz Watan

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde senagat taýdan ösen, ykdysady taýdan kuwwatly, medeni taýdan sazlaşykly ösýän, ylmyň gazananlaryna daýanýan, giň gerimli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýan ýurt hökmünde dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şanly wakalara, ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýän, ýüreklerimizi joşduryp, kalbymyzda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan milli baýramlarymyzyň biri hem Garaşsyzlyk baýramydyr. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyzlyk baýramyna gabatlanyp Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzda toý şatlygyna beslenen dabaraly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Bularyň ählisi watansöýüjiligi we ruhubelentligi dabaralandyrmak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyza, eziz Watanymyza, milli Liderimize bolan beýik buýsanjy döredýär, täze üstünlikleri gazanmaga güýç-gaýrat berýär.

Olimpiýa üstünligine ýetiren menziller

Arkadag Prezidentimiziň dünýäde dabaralanýan sport syýasaty hakynda söhbet Elbetde, sportuň halkara hyzmatdaşlygynda diýseň möhüm ornunyň bardygy taryhyň subut eden hakykatydyr. Onuň ynsanlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmekdäki, şol ýoly wagyz etmekdäki ähmiýeti bolsa sportuň ýurt derejesinde ösdürilmeginiň many-mazmunyny Aý dogan ýaly aýan edýär. Bu baradaky söhbetimizi Gahryman Arkadagymyzyň sporty ösdürmek işini ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitländiginden başlamak ýerlikli bolar. Çünki hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky nusgalyk göreldesi ildeşlerimiziň ählisi üçin ýol-ýörelge bolup, raýatlarymyzyň saglygyny, fiziki işjeňligini, ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda möhüm ädime öwrüldi. Milli Liderimiziň halkymyza sowgat eden stadionlarydyr sport toplumlary, türgenleşik zallary bu ugurda ajaýyp mümkinçilikleri döretdi. Elbetde, ynsanyň islendik ýaşda hem hereketde bolmalydygyny tekrarlaýan Arkadag Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bina edilen şeýle ajaýyp binalardyr toplumlar bu gün halkymyzyň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Şol ädimler ýurdumyzda professional sporty ösdürmekde hem uly ähmiýete eýe boldy. Çünki döredilýän mümkinçilikler ildeşlerimizde, ýaşlarymyzda sport bilen hünär derejesinde meşgullanmaga höwes döretdi.

Welaýatlardan habarlar

Häzirki wagtda Tejen etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda etrabyň daýhan birleşikleriniň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, orta we sport mekdeplerinde zähmet çekýän işgärleriň hem-de mugallymlaryň, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasynda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda arassaçylyk-sanitariýa düzgünlerini berjaý etmegiň uly täsiriniň bardygy barada wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyklarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi sport bilen utgaşykly alyp barmagyň peýdasy barada gürrüň edilýär. Şirinjemal ÇARYÝEWA, Ahal welaýatynyň Tejen etraby.

Türkmen futboly Garaşsyzlyk ýyllarynda

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde eziz Watanymyz sport ýurdy hökmünde dünýäde ykrarnamasyny tapdy. Onuň şeýle bolmagyna ýurdumyzda geçirilen we geçirilýän iri halkara ýaryşlary hem doly güwä geçýär. Türgenlerimiziň halkara arenasynda gazanýan netijeleri bolsa sport babatynda netijeli ädimleriň ädilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Garaşsyzlygymyzy alan günümizden ýurdumyzda futbola hem uly üns berlip başlandy. Onuň netijesinde futbol çempionatymyzdyr Kubok ugrundaky bäsleşikler yzygiderli geçirilip ugraldy. Şeýle-de, eziz Watanymyzda uly futbol bilen birlikde çagalar futboly, zenanlar futboly, şeýle-de, futzal üns-alada bilen gurşalyp alyndy. Onuň şeýle bolmagynda dürli ugurdaky ýygyndy toparlarymyzyň halkara arenasynda gazanýan ýeňişleri hem doly şaýatlyk edýär. Milli ýygyndy toparymyz

TFF-niň täzelikleri

Dürli ugurlar boýunça futboly ösdürmek üçin FIFA agza bolan assosiasiýalaryň hemmesinde hem ýerine ýetiriji tehniki direktory bolan, saldamly iş alyp barýan Tehniki bölümi bolýar. TFF-niň Tehniki bölüminiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirýän «Köpetdagyň» hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Berdimyrat Nurmyradow geçen ýyl badalga berlen FIFA-nyň Tehniki direktorlarynyň halypaçylyk maksatnamasynyň netijesinde gymmatly tejribe toplaýar.

Sport we ýaşlar syýasaty

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şeýle hem, parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçisi hasaplanýan sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde we häzirki döwürde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde halkara gatnaşygynyň möhüm ulgamy bolup hyzmat edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky Rezolýusiýasynda hem «Dünýäni özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibinde» sport durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir diýlip bellenilýär. Dünýä döwletlerini ýakynlaşdyrýan, olaryň arasyndaky raýdaşlyk, köňüldeşlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan sport we olimpiýa hereketleri diňe bir ygtybarly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda däl, eýsem ynsan saglygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge hem ugrukdyrylýar. Bize bu babatda görüm-görelde bolup durýan mähriban Arkadagymyzyň tutýan tutumly işleri rowaç alsyn, jany sag, belent başy aman bolsun! Maksat HUDAÝBERDIÝEW, Halaç etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň müdiriniň orunbasary.