Olimpiýa üstünligine ýetiren menziller

24 Sentýabr 2021
1296

Arkadag Prezidentimiziň dünýäde dabaralanýan sport syýasaty hakynda söhbet

Elbetde, sportuň halkara hyzmatdaşlygynda diýseň möhüm ornunyň bardygy taryhyň subut eden hakykatydyr. Onuň ynsanlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmekdäki, şol ýoly wagyz etmekdäki ähmiýeti bolsa sportuň ýurt derejesinde ösdürilmeginiň many-mazmunyny Aý dogan ýaly aýan edýär. Bu baradaky söhbetimizi Gahryman Arkadagymyzyň sporty ösdürmek işini ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitländiginden başlamak ýerlikli bolar. Çünki hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky nusgalyk göreldesi ildeşlerimiziň ählisi üçin ýol-ýörelge bolup, raýatlarymyzyň saglygyny, fiziki işjeňligini, ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda möhüm ädime öwrüldi. Milli Liderimiziň halkymyza sowgat eden stadionlarydyr sport toplumlary, türgenleşik zallary bu ugurda ajaýyp mümkinçilikleri döretdi. Elbetde, ynsanyň islendik ýaşda hem hereketde bolmalydygyny tekrarlaýan Arkadag Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bina edilen şeýle ajaýyp binalardyr toplumlar bu gün halkymyzyň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Şol ädimler ýurdumyzda professional sporty ösdürmekde hem uly ähmiýete eýe boldy. Çünki döredilýän mümkinçilikler ildeşlerimizde, ýaşlarymyzda sport bilen hünär derejesinde meşgullanmaga höwes döretdi.

Amanmyrat Myradow,
«Türkmen sporty».