Garaşsyzlyk – ýeňişleriň gözbaşy

24 Sentýabr 2021
930

Sport parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ösüşiň belentliklerine alyp barýan hereketdir. Olimpiýa oýunlarynyň taryhyna nazar aýlanyňda hem, sportuň ähli döwürlerde-de diňe bir aýratyn adamlaryň däl, eýsem tutuş jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda möhüm orny eýeländigine göz ýetirmek bolýar. Olimpiýa oýunlarynyň dörän mekany hasaplanýan Gadymy Gresiýada Oýunlaryň başlanan wagtyndan, tä olar tamamlanýança, şäher-döwletleriň arasyndaky uruşlardyr çaknyşyklar bes edilipdir. Ýurduň çar künjünden gelen türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça güýç synanyşypdyrlar. Ýeňijiler dogduk şäherlerinde gahrymanlar hökmünde belent hormata mynasyp bolupdyr. Bu gün hem sport ynsanlaryň saglygyny berkidýän, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge ýardam edýän, halklary doganlaşdyrýan jadyly güýje eýedir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamy hem ösüşiň täze belentliklerine çykdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa türkmen sportunyň zer sahypalary ýazyldy. Türkmenistan ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň batly depginde ösýän, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän mekany hökmünde dünýäde tanaldy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap türkmenistanly türgenler sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bilen ildeşlerimizi begendirmegi başardylar. Türkmen sportunyň haklara arenasyndaky ýeňişleriniň başyny başlan türgenleriň hatarynda ady rowaýata öwrülen agyr atletikaçymyz Altymyrat Orazdurdyýewi, grek-rim göreşiniň ussady Nepes Gukulowy we beýlekileri görkezmek bolar.

Ahmet GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».