Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şeýle hem, parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçisi hasaplanýan sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde we häzirki döwürde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde halkara gatnaşygynyň möhüm ulgamy bolup hyzmat edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky Rezolýusiýasynda hem «Dünýäni özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibinde» sport durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir diýlip bellenilýär. Dünýä döwletlerini ýakynlaşdyrýan, olaryň arasyndaky raýdaşlyk, köňüldeşlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan sport we olimpiýa hereketleri diňe bir ygtybarly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda däl, eýsem ynsan saglygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge hem ugrukdyrylýar. Bize bu babatda görüm-görelde bolup durýan mähriban Arkadagymyzyň tutýan tutumly işleri rowaç alsyn, jany sag, belent başy aman bolsun!
Maksat HUDAÝBERDIÝEW, Halaç etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň müdiriniň orunbasary.