Häzirki wagtda Tejen etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda etrabyň daýhan birleşikleriniň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, orta we sport mekdeplerinde zähmet çekýän işgärleriň hem-de mugallymlaryň, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasynda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda arassaçylyk-sanitariýa düzgünlerini berjaý etmegiň uly täsiriniň bardygy barada wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyklarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi sport bilen utgaşykly alyp barmagyň peýdasy barada gürrüň edilýär.
Şirinjemal ÇARYÝEWA, Ahal welaýatynyň Tejen etraby.