"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Okuwçylara ene di­li­ni çuňňur öwretmek

Okuw­çy­la­ra bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek bi­len bag­ly jo­gap­kär­li we­zi­pe mu­gal­lym­la­ra de­giş­li bo­lup dur­ýar. Bu iş­le­riň esa­sy bö­le­gi­ni mu­gal­lym gu­ra­ýan sa­pak­la­ry­nyň üs­ti bi­len ama­la aşyr­ýar. Şo­nuň üçin-de sa­pak­la­ry­my­zy ne­ti­je­li gu­ra­ma­ga, öw­red­ýän her bir te­ma­my­zy tä­sir­li usul­da okuw­çy­la­ryň aňy­na ýe­tir­mä­ge ça­lyş­ýa­rys. Şol bir wagt­da hem, öw­red­ýän te­ma­my­zyň üs­ti bi­len okuw­çy­la­ra asyl­ly ter­bi­ýe ber­mä­ge ça­lyş­ýa­rys. Baş­lan­gyç synp­lar­da okuw­çy­la­ra ene di­li­ni öw­ret­mek ar­ka­ly ola­ryň dog­ry, çalt, la­byz­ly oka­ma­gy, ede­bi di­liň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gep­läp, dog­ry ýa­zyp bil­me­gi, öz­baş­dak pi­kir­len­mek en­dik­le­ri ke­ma­la ge­ti­ril­ýär. Şun­da mu­gal­lym okuw­çy­la­ryň ene di­li­ni dog­ry öw­ren­me­gi­ni ga­zan­mak­da dür­li usul­lar­dan peý­da­lan­ýar.

Körpeleriň pikirleniş ukybyny ösdürmek

Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň irki ösüşi, olary mekdebe taýýarlamak boýunça wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly uly işler alnyp barylýar. Mekdebe çenli bilim milli bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolup, döwrüň talaplaryna laýyklykda, çagalary başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şonda mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralarynyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary guruldy we gurulýar. Olarda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin innowasion tehnologiýalar, ýagny okatmagyň täze, döwrebap serişdeleri peýdalanylýar. Gysga döwrüň içinde bilim ulgamyna multimedia tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilim bermek işinde mugallyma aýratyn ýardam edýär. Terbiýeçileriň okuw maglumatlaryny multimedia tehnologiýalary arkaly körpelere ýetirmegi sapagyň mazmunynyň täsirliligini artdyrýar, netijeliligini ýokarlandyrýar.

Asylly ýörelgelere sarpa

Ýaş nesle tälim-terbiýe, ylym-bilim bermek, edep-ekram öwretmek ähli döwürlerde hem ynsanyň esasy wezipeleriniň biri bolupdyr. Munuň şeýledigine terbiýe, edep-ekram baradaky pikirleriň ençeme asyrlaryň dowamynda beýik akyldarlaryň, şahyrlaryň eserlerinde, taryhy-edebi ýadygärliklerde, halk döredijiliginde giň beýanyny tapýandygyndan hem göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ata Watanymyzda ýaşlara bilimdir terbiýe bermek sagdyn jemgyýeti gurmagyň düýp özeni hasaplanylýar hem-de bu ugurlar boýunça ençeme işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn jemgyýetiň esasyny bolsa ruhy we ahlak gymmatlyklary özünde jemlemegi başarýan kämil, bilim-terbiýe alan şahsyýetler, ýagny ýurt raýatlary düzýär. Gahryman Arkadagymyz turuwbaşdan ylym-bilimi ösdürmäge, kämil hünärmenleri ýetişdirmäge aýratyn üns berýär. Ýurduň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bu babatda dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny durmuşa giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly resminamalar we wajyp maksatnamalar kabul edildi. Milli Liderimiziň dünýä ylmynyň gazanan iň kämil usullary, şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrýan özgertmeleri oňyn netijesini berýär. Bu tagallalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösen jemgyýetiň kemala gelmeginde möhüm ähmiýe

Dünýä dilleri dost-doganlygyň köprüsidir

Dil bilmegiň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny türkmen halkynyň edebi hem medeni mirasy, durmuş tejribesi görkezýär. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. Şol sebäpli hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede öwretmek däl-de, eýsem, daşary ýurt dillerini öwretmek barada-da anyk wezipeleri goýýar. Şondan ugur alnyp, biziň ýokary okuw mekdebimizde-de talyplara rus, iňlis dillerini öwretmäge uly üns berilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» daşary ýurt dillerini okatmaga düýbünden täzeçe çemeleşmeleriň emele gelmegine şert döretdi. Netijede bu ugurda birnäçe özgerişler, täzelikler ýüze çykdy. Hususan-da, sapaklar daşary ýurt dilinde berlip, talyplaryň gepleşik tejribesi ösdürilýär. Netijede dil öwrenýän talyplarymyz öz hünärleri boýunça sözleri özleşdirip, biri-biri bilen daşary ýurt dilinde gepleşýärler.

Matematikler maşgalasynyň ýaş agzasy (Siziň deň-duşuňyz)

Kakasynyň, özünden uly üç doganynyň hem matematika ylmy bilen ykbalyny baglamagy, diňe bir Diýarymyzda geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijisi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara olimpiadalara, taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, ýurdumyzyň abraýyny goraýan ezber ýaşlar bolup ýetişmekleri ýaşajyk Nursoltany hem biparh goýmady. Nursoltan Batyrowa Serdar şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 10-njy synpynda okaýar. Ol heniz kiçi synplarda okaýan wagtlarynda matematika dersini has ileri görüp, bu ylma ykbalyny baglamagy ýüregine düwýär. Ýaşajyk okuwçynyň bu ugurda ezberligi onuň «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň Serdar şäher tapgyrynda ýeňiji bolmagyna getirdi. Ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda ýeňiji bolmagy ýaşajyk okuwçyny has uly bäsleşiklerde netijeli çykyş etmäge höweslendirip, welaýat tapgyrynda hem birinji orna mynasyp bolmagyna itergi berdi. Geçen ýylyň maý aýynda bolsa Angliýa döwletinde matematika dersi boýunça onlaýn görnüşinde geçirilen halkara «IMEC» olimpiadasynda Nursoltan Batyrowa ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy. 28 döwletden 9258 sany 9-njy synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşigiň kümüş medalyna mynasyp bolmagynda onuň maşgalasynyň, şeýle-de mugallymy Ýarmämmet Kadyrowyň hem aýratyn yhlasy bar.

Çaga durmuşyň gülüdir

Maşgala bag bolsa, perzent — şol bagyň güli, miwesi, ata-ene bolsa bagyň bagbanlarydyr. Bagbanyň esasy wezipesi ösdürip ýetişdiren miwesiniň datly, ile-güne gerekli bolmagyny gazanmakdyr. Hawa, edepli perzent diňe bir maşgala däl, eýsem, ile-güne ýalkym saçýan şugla ýalydyr. Pederlerimiziň aýdyşlary ýaly, ata-enelik hukugyny gazanmak üçin diňe bir perzent ösdürip ýetişdirmegiň özi ýeterlik bolman, olara görüm-görelde, terbiýe bermek hem hökmandyr. Çaga öz maşgala agzalaryndan, ilkinji nobatda, ata-enesinden görelde alyp, olaryň eden hereketlerini gaýtalaýar. Çaga göwnejaý terbiýe bermekde maşgalada agzybirligiň höküm sürmeginiň, birek-birege hormat-sarpa goýulmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Çünki çaga kiçiliginden gözüniň gören hereketleri, gulagynyň eşiden gep-sözleri has ýiti täsir edýär. Şonuň üçin-de çaga berilýän terbiýe ene süýdi ýaly halal bolmalydyr. Çaganyň göreldesi hem diňe halallykdan tutulmalydyr.

Bilim — rowaçlyk daragty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda her ýylda ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga döwlet býujetinden uly serişdeler goýberilýär. Her ýyl döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta hünär okuw mekdepleri gurulýar. Şol bilim edaralarynyň ählisi hem ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary, kompýuterler, multimedia enjamlary we döwrebap okuw kitaplary bilen doly üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynyň ösmegine berýän üns-aladasy netijesinde 2014-nji ýylda ýurdumyzda Tehnologiýalar merkezi açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu ylmy edarada dürli nanotehnologiýa önümlerini öndürmegiň ylmy esaslary işlenip taýýarlanylýar. Nanotehnologiýa halk hojalygynyň dürli ugurlarynda — kompýuter önümçiliginde, kosmos enjamlaryny, mehaniki önümleri ýasamakda giňden peýdalanylýar. Bu amal edilýän beýik işleriň gözbaşynda bolsa hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzda her bir türkmenistanlynyň syýasy, durmuş, ykdysady we ruhy taýdan döwrebap terbiýelenmegini şertlendirýän maksatlary dur. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar, aýratyn hem ylym-bilimiň muşdaklary bolan ýaşlarymyzyň hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerine bolan buýsanjyny, hormat-söýgisini has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda döwlet Baştutany

Bilim — bagtyň çyragy

Ýurdumyzyň aň-paýhas mümkinçiliklerini milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini üpjün edýän serişdä öwürmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm ähmiýetli wezipesidir. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak, mekdeplerde ýokary synp okuwçylary geljekki saýlajak hünärlerine ugrukdyrmak, ýaşlaryň arasyndan has zehinlileri ýüze çykarmak, täze okuw mekdeplerini açmak, täze sapaklary, şol sanda sanly ulgam bilen bagly sapaklary girizmek babatdaky tagallalary bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge yzygiderli üns berilýändiginiň görkezijisidir. Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi gönüden-göni ýokary derejeli hünärmenleriň, şol sanda ösen tehnologiýalardan habarly inženerleriň, ylmy işgärleriň taýýarlyk derejesine baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, üstünlikleriň gazanylmagy üçin ylmyň, önümçiligiň we berilýän bilimiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmek ugrunda köp we tutanýerli işlemek möhümdir. Häzirki döwrüň bilim özgertmelerinde hut şu talabyň ýerine ýetirilmegine uly üns berilýär. Bilimiň elýeterli, dowamly, üznüksiz, basgançaklaýyn ösüşde bolmagy gazanylýar. Bilim ylym bilen, önümçilik bilen içgin utgaşdyrylýar. Talyp ýaşlar ylmy barlaglara çekilýär, önümçilik, okuw tejribeliklerine yzygiderli gatnaşdyr

Okuwçylarda tebigata söýgi döretmek

Häzirki wagtda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Bilim işgärleri ak mekdeplerde bilim alýan çagalaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmaga, olarda tebigatymyza bolan söýgini döretmäge aýratyn üns bermelidirler. Bu işleri çagalar mekdebe ýaňy gadam basan gününden başlap, has anygy başlangyç synplarda gurap başlamak maksadalaýykdyr. Çagalara kiçi synplardan başlap ilkinji ekologik düşünjeleri öwretmek zerur bolup durýar. Şonuň üçin, tebigaty öwreniş dersinde daşky tebigat bilen baglanyşykly maglumatlar bilen bir hatarda, ony gorap saklamaga degişli, düşünjeleri berýäris. Bulardan başga-da, dersara baglanyşyga üns berip, ugurdaş sapaklarda hem türkmen tebigaty, onuň gözelligi, ony gorap saklamagyň ähmiýeti we wajyplygy baradaky maglumatlara ýygy-ýygydan ýüzlenýäris.

Kämilligiň aýdyň ýoly

Ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýan berkarar döwletimizde bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň döwletiň binýadynyň berkliginiň, ösüşiniň ýokary depgininiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydygy hakyndaky parasatly sözleri biziň her birimize nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim uly ösüşlere eýe bolýar, ýaşlar giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler.

Halypa mugallymyň sarpasy

Ussat halypa mugallym Öwezgeldi Mäterow häzirki bagtyýarlyk döwrümize buýsanýar, ýaş nesillere milli terbiýe bermegi mukaddes borç hasaplaýar. Öwezgeldi Mäterow 1948-nji ýylda Murgap etrabynyň Şordepe obasynda dünýä inýär. Ol 1955-nji ýylda Murgap etrabynyň 15-nji sekizýyllyk mekdebine 1-nji synpa okuwa barýar. Soňra 1963-nji ýylda Murgap etrabynyň 12-nji onbirýyllyk mekdebinde okuwyny dowam etdirip, 1966-njy ýylda ony üstünlikli tamamlaýar.

Binýady berk bilim ulgamy

Ýagty geljegimize päk ynamymyz bolan ýaş nesillerimiziň ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli edim-gylymlarymyz esasynda terbiýelenmegine örän uly üns berilýär. Olaryň ylymly-bilimli, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ählitaraplaýyn şertler döredilýär. Şonuň netijesinde-de, döwletimizde häzirki zaman multimedia enjamlarydyr sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap bilim ojaklary açylyp, ulanmaga berilýär. Ýylyň-ýylyna ak mekdebe ilkinji gezek gadam basýan körpelere türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi ýaş nesilleriň bilimli-sowatly bolmagynyň ýurdumyzda baş aladadygyny aýdyň subut edýär. Bilimiň binýady näçe berk bolsa, şol ýurduň geljegi hem şonça röwşen bolýar. Şol jähetden, ýurdumyzda berilýän orta bilimiň ähmiýeti ýaş nesilleriň aň-paýhasyny çuňlaşdyrmakda, döredijilikli pikirlenmek ukybyny ösdürmekde örän ýokary hasaplanýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Maksatlaryň myrada gowuşýan zamanasynyň eýeleri bolan ýaş nesiller şu ajaýyp jümlelerden ruhlanyp, ylmyň täze gazananlary bilen aýakdaş barýarlar.

Kämilligiň aýdyň ýolunda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri türkmen ýaşlarynyň ykbalynyň täze belentliklere göterilýän eşretli eýýamyna öwrüldi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen syýasy-jemgyýetçilik çäreler giň gerimde dowam etdirilýär. Olar bilen birlikde ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, döwletlilik ýörelgelerine laýyklykda terbiýelenilmegine, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegine gönükdirilen işler hem toplumlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksady ýaşlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmakdan, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, olaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Bu maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýaşlaryň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmaga ýardam etmek bilen birlikde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ilerletmekde hem ähmiýetlidir. Bular dogrusynda ýakynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy okuw sapagynda hem aýratyn nygtap geçdi. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň talyplary we mekdep okuwçylary bilen geçiren bu duşuşygy biz üçin örän ähmiýetli boldy. Sebäbi maslahatda hormatly

Belent maksatly menziller

Hünär islendik adamyň jemgyýetdäki ornuny anyk kesgitleýär. Biz hem mekdebimizde ýaşlary belli bir hünäre höweslendirmek maksady bilen okuwdan daşary ýörite goşmaça sapaklary guraýarys. Terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri, okuw meýilnamasy esasynda edebiýat agşamlaryny, döredijilik bäsleşiklerini, duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Duşuşyklarymyzda watansöýüjiligi, päk ahlaklylygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz edýäris. Geçirýän çärelerimizde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasly kitaplary biz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup durýar. Milli Liderimiziň ajaýyp kitaplarynda türkmeniň döwletlilik düşünjesi, arkama-arka ýörelge bolup gelýän edim-gylymlary, däp-dessurlary, urp-adatlary dürli rowaýatlaryňdyr tymsallaryň, paýhasly jümleleriň üsti bilen çeper beýan edilýär. Bu bolsa her birimiz, esasan-da, ýaş nesil üçin milli dil baýlygymyzy we mirasymyzy ulanmakda nusgalyk mekdep bolup durýar. Okatmagyň iň kämil usullaryndan peýdalanmak arkaly geçýän okuw sapaklarymyz özüniň ýokary netijelerini hem berýär. Zehinli okuwçylarymyz her ýyl welaýat, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine uly höwes bilen gatnaşýarlar we guwandyryjy üstünlikleri gazanýarlar. Biz öz çekýän asylly zähmetimiziň ajaýyp miwesini bolsa okuwçylarymyzyň şeýle üstünliklerinde görýäris. Biz mundan beýläk hem döwrebap işlemek üçin ähli mümkinçilikleri öz içine alýan mek

Bagtyýar geljegiň eýeleri

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda yglan edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň dabaralanýan ajaýyp eýýamyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň geljegini berk binýatly edip gurmak ugrunda hem-de ýaşlary kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek babatda alnyp barylýan işleriň ýokary derejededigini alamatlandyrýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak, ýaşlaryň arasynda ruhy-ahlak galkynyşy üpjün etmek, watançylyk duýgularyny ösdürmek geljegimiziň bagtyýarlygyny kepillendirýär. Şonuň bilen bagly meseleleriň ählisi, şol sanda bilim we sport babatda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek meselesi-de hemişe üns merkezinde saklanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyz ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmaga gönükdirilendir.

Körpelere san barada düşünje bermek

Mekdebe çenli çagalar edaralary bilim ulgamynda iň wajyp basgançagy eýeleýär. Bu ýerde körpe nesle bilim-terbiýe berlip, olar mekdebe taýýarlanylýar. Çaganyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, mekdebe taýýarlygynda esasy meseleleriň biri onuň sözleýşiniň ösen bolmagydyr. Şu nukdaýnazardan, matematika sapagynda çaganyň sözleýşiniň kämil bolmagyny gazanmak terbiýeçiniň esasy işleriniň biridir. Bu bolsa sapagyň ýokary derejede guralmagyny talap edýär. Şunda okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanmak zerurdyr. Körpelere matematiki düşünjeleri öwretmekde görkezme esbaplaryň orny uludyr. Terbiýeçi görkezme esbaply okatmak usulynyň dilden beýan edilýän usullar bilen arabaglanyşyklydygyny göz öňünde tutup, çagalaryň sözleýşiniň kämilleşmegine hem ýol açýar. Görkezip okatmak usuly bilen terbiýeçi her bir maglumaty anyk düşündirip bilýär. Görkezme esbap çagada pikirlenmäni ösdürýär, ol beýan etme arkaly beriljek howaýy düşünjäniň ýerine anyk düşünjäni alýar. Kiçi ýaşly çagalar üçin görkezip okatmak zerur talaplaryň biridir. Olaryň tebigaty işjeň pikirlenişi talap edýär.

Rus dili dersinde okuwçylaryň sözleýiş ukybyny ösdürmek

Başlangyç synplarda okuwçylaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin sözleriň ene dilimizdäki manysynyň ýat tutulmagy ýeterlik bolmaýar. Olara sözleriň doly manylaryny açyp, şol sözleriň düşümdäki üýtgeýşini, birlik we köplük sanlarynyň goşulmalar bilen ýasalyşyny gepleşikde sözleri many taýdan dogry ulanyp bilmegi öwretmek möhümdir. Bu kadalary özleşdirmek üçin okuwçylaryň sesleri dogry, dürs eşitmekleri we öz gezeginde olaryň hem ýalňyşsyz gaýtalap bilmekleri zerur bolup durýar. Sözleri öwrenmek üçin hormatly Prezidentimiziň okuwçylara sowgat beren kompýuterlerinden peýdalanylsa has oňaýly bolýar. Bu ýerdäki kompýuter programmalarynyň üsti bilen öwredilýän sapaklar çagada gyzyklanma we bilesigelijilik döredýär.

Ylym-bilim — röwşen geljegiň nury

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda ylym-bilime hem aýratyn üns berýär. Çünki bilim, ylym ähli pudaklaryň ösüşinde binýatlyk we hereketlendiriji güýje eýedir. Eziz Diýarymyzda köp babatda bilime berilýän ünsüň ýokarlanmagy, möhüm ugurlar boýunça ylmy barlaglaryň, ylmy açyşlaryň işjeňleşmegi, durmuşyň ähli ugurlarynda ylmy-tehniki täzelikleriň giňden peýdalanylmagy ýurdumyzyň ygtybarly ösüş ýoluny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli pudaklarda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyz bilimiň, ylmyň we medeniýetiň hakyky ojagyna, bolelin, rahat we abadan durmuşyň gülleýän mekanyna öwrüldi. Jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň döredijilikli zähmet çekmekleri netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Eziz Diýarymyz gözümiziň alnynda düýpden täze, ajaýyp keşbe girip özgerýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi üçin giň göwrümli we aýdyň maksatly işleri durmuşa geçirýändigini beýan edýär.

Paýhasyň nury

Gahryman Arkadagymyzyň berkarar Watanymyza, halkymyza bolan beýik söýgüsiniň, çuň paýhasa ýugrulan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň netijesinde kemala gelen ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda ösüşleriň aýdyň ýolundan bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Ýurdumyzyň, şol sanda gözel paýtagtymyzyň beýik ösüşlerine, üstünlikli pursatlaryna, şanly wakalaryna şaýat bolmak her bir türkmenistanly üçin uly bagt. Aşgabat — çuň paýhasyň nury! Aşgabat — beýik ösüşleriň şäheri! Aşgabat — Gahryman Arkadagymyzyň gaýtalanmajak sungat eseri! Paýtagtymyzda bitirilýän beýik işler dogrusynda gürrüň edilende şu ýyl, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen ýylynda «Türkmenbaşy», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Kabul ediş merkeziniň, «Arkadag» myhmanhanasynyň, «Laçyn» seýilgähiniň, ýerasty geçelgeleriň, döwrebap ýollaryň, Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi ähli halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy, ak şäherimiziň binagärligini has-da baýlaşdyrdy.

Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz gurmak we döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde milli ykdysadyýetde, jemgyýetçilik durmuşynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Türkmenistan sanly ulgamy üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, bilimde we ylymda uly ösüşleri gazanýar. Ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary derejesi milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty hem-de durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen gazanylýar.