Bilim — rowaçlyk daragty

8 Oktýabr 2021
1008

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda her ýylda ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga döwlet býujetinden uly serişdeler goýberilýär. Her ýyl döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta hünär okuw mekdepleri gurulýar. Şol bilim edaralarynyň ählisi hem ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary, kompýuterler, multimedia enjamlary we döwrebap okuw kitaplary bilen doly üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynyň ösmegine berýän üns-aladasy netijesinde 2014-nji ýylda ýurdumyzda Tehnologiýalar merkezi açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu ylmy edarada dürli nanotehnologiýa önümlerini öndürmegiň ylmy esaslary işlenip taýýarlanylýar. Nanotehnologiýa halk hojalygynyň dürli ugurlarynda — kompýuter önümçiliginde, kosmos enjamlaryny, mehaniki önümleri ýasamakda giňden peýdalanylýar. Bu amal edilýän beýik işleriň gözbaşynda bolsa hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzda her bir türkmenistanlynyň syýasy, durmuş, ykdysady we ruhy taýdan döwrebap terbiýelenmegini şertlendirýän maksatlary dur.

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar, aýratyn hem ylym-bilimiň muşdaklary bolan ýaşlarymyzyň hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerine bolan buýsanjyny, hormat-söýgisini has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň parasaty bilen döwrüň möhüm talabyna laýyk gelýän orta hünär we ýokary okuw mekdepleriň birnäçesi döredildi we täze döwrebap binalar bilen üpjün edildi. Okuwa kabul edilýän talyplaryň sany hem ýylsaýyn artdyrylýar. Bu bolsa ýaşlarymyzda okamaga, öwrenmäge, bilimleri içgin özleşdirmäge bolan höwesi has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlan iri döwrebap täze önümçilik kärhanalary häzirki wagtda zerur bolan ýörite orta we ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny güýçlendirmäge uly ýardam edýär.

Serdar ŞYHLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.