Okuwçylarda tebigata söýgi döretmek

7 Oktýabr 2021
1625

Häzirki wagtda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Bilim işgärleri ak mekdeplerde bilim alýan çagalaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmaga, olarda tebigatymyza bolan söýgini döretmäge aýratyn üns bermelidirler. Bu işleri çagalar mekdebe ýaňy gadam basan gününden başlap, has anygy başlangyç synplarda gurap başlamak maksadalaýykdyr.

Çagalara kiçi synplardan başlap ilkinji ekologik düşünjeleri öwretmek zerur bolup durýar. Şonuň üçin, tebigaty öwreniş dersinde daşky tebigat bilen baglanyşykly maglumatlar bilen bir hatarda, ony gorap saklamaga degişli, düşünjeleri berýäris. Bulardan başga-da, dersara baglanyşyga üns berip, ugurdaş sapaklarda hem türkmen tebigaty, onuň gözelligi, ony gorap saklamagyň ähmiýeti we wajyplygy baradaky maglumatlara ýygy-ýygydan ýüzlenýäris.

Tajyhal BABANIÝAZOWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdebiň mugallymy.