Bilim — bagtyň çyragy

7 Oktýabr 2021
967

Ýurdumyzyň aň-paýhas mümkinçiliklerini milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini üpjün edýän serişdä öwürmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm ähmiýetli wezipesidir. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak, mekdeplerde ýokary synp okuwçylary geljekki saýlajak hünärlerine ugrukdyrmak, ýaşlaryň arasyndan has zehinlileri ýüze çykarmak, täze okuw mekdeplerini açmak, täze sapaklary, şol sanda sanly ulgam bilen bagly sapaklary girizmek babatdaky tagallalary bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge yzygiderli üns berilýändiginiň görkezijisidir.

Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi gönüden-göni ýokary derejeli hünärmenleriň, şol sanda ösen tehnologiýalardan habarly inženerleriň, ylmy işgärleriň taýýarlyk derejesine baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, üstünlikleriň gazanylmagy üçin ylmyň, önümçiligiň we berilýän bilimiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmek ugrunda köp we tutanýerli işlemek möhümdir. Häzirki döwrüň bilim özgertmelerinde hut şu talabyň ýerine ýetirilmegine uly üns berilýär. Bilimiň elýeterli, dowamly, üznüksiz, basgançaklaýyn ösüşde bolmagy gazanylýar. Bilim ylym bilen, önümçilik bilen içgin utgaşdyrylýar. Talyp ýaşlar ylmy barlaglara çekilýär, önümçilik, okuw tejribeliklerine yzygiderli gatnaşdyrylýar.

Ejegül ORAZOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.