Rus dili dersinde okuwçylaryň sözleýiş ukybyny ösdürmek

5 Oktýabr 2021
1569

Başlangyç synplarda okuwçylaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin sözleriň ene dilimizdäki manysynyň ýat tutulmagy ýeterlik bolmaýar. Olara sözleriň doly manylaryny açyp, şol sözleriň düşümdäki üýtgeýşini, birlik we köplük sanlarynyň goşulmalar bilen ýasalyşyny gepleşikde sözleri many taýdan dogry ulanyp bilmegi öwretmek möhümdir.

Bu kadalary özleşdirmek üçin okuwçylaryň sesleri dogry, dürs eşitmekleri we öz gezeginde olaryň hem ýalňyşsyz gaýtalap bilmekleri zerur bolup durýar. Sözleri öwrenmek üçin hormatly Prezidentimiziň okuwçylara sowgat beren kompýuterlerinden peýdalanylsa has oňaýly bolýar. Bu ýerdäki kompýuter programmalarynyň üsti bilen öwredilýän sapaklar çagada gyzyklanma we bilesigelijilik döredýär.

Guwanç TOÝLYÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 94-nji orta mekdebiniň mugallymy.