Paýhasyň nury

4 Oktýabr 2021
856

Gahryman Arkadagymyzyň berkarar Watanymyza, halkymyza bolan beýik söýgüsiniň, çuň paýhasa ýugrulan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň netijesinde kemala gelen ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda ösüşleriň aýdyň ýolundan bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Ýurdumyzyň, şol sanda gözel paýtagtymyzyň beýik ösüşlerine, üstünlikli pursatlaryna, şanly wakalaryna şaýat bolmak her bir türkmenistanly üçin uly bagt. Aşgabat — çuň paýhasyň nury! Aşgabat — beýik ösüşleriň şäheri! Aşgabat — Gahryman Arkadagymyzyň gaýtalanmajak sungat eseri!

Paýtagtymyzda bitirilýän beýik işler dogrusynda gürrüň edilende şu ýyl, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen ýylynda «Türkmenbaşy», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Kabul ediş merkeziniň, «Arkadag» myhmanhanasynyň, «Laçyn» seýilgähiniň, ýerasty geçelgeleriň, döwrebap ýollaryň, Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi ähli halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy, ak şäherimiziň binagärligini has-da baýlaşdyrdy.

Myrat DURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.