Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

3 Oktýabr 2021
1215

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz gurmak we döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde milli ykdysadyýetde, jemgyýetçilik durmuşynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Türkmenistan sanly ulgamy üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, bilimde we ylymda uly ösüşleri gazanýar.

Ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary derejesi milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty hem-de durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen gazanylýar.

Äşe HANALYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň agzasy.