Kämilligiň aýdyň ýolunda

6 Oktýabr 2021
679

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri türkmen ýaşlarynyň ykbalynyň täze belentliklere göterilýän eşretli eýýamyna öwrüldi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen syýasy-jemgyýetçilik çäreler giň gerimde dowam etdirilýär. Olar bilen birlikde ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, döwletlilik ýörelgelerine laýyklykda terbiýelenilmegine, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegine gönükdirilen işler hem toplumlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksady ýaşlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmakdan, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, olaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Bu maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýaşlaryň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmaga ýardam etmek bilen birlikde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ilerletmekde hem ähmiýetlidir. Bular dogrusynda ýakynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy okuw sapagynda hem aýratyn nygtap geçdi.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň talyplary we mekdep okuwçylary bilen geçiren bu duşuşygy biz üçin örän ähmiýetli boldy. Sebäbi maslahatda hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň durmuşyň islendik ugry boýunça kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin beren öwütleri, sargytlary her birimize nusga alarlykdyr. Olardan gowy netije çykaryp, Gahryman Arkadagymyzyň her bir nesihatyny şygar edinmek, ýörelgä öwürmek biz üçin parzdyr. Çünki kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, öz işine erjel hünärmenler bolup ýetişip, Watanyň kuwwatyny beýgeltmek biziň esasy wezipämizdir. Munda bolsa, ilkinji nobatda, ýurtda binýady berkden tutulan ylymdan we bilimden ýüküňi ýetirmek hökmanydyr. Maslahatda milli Liderimiz bular dogrusynda aýtmak bilen: «Okamak we öwrenmek, zähmet çekmek bilen kämillige ymtylmak ýaş nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr» diýip nygtady.

Nadira RAHMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.