Körpeleriň pikirleniş ukybyny ösdürmek

10 Oktýabr 2021
1141

Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň irki ösüşi, olary mekdebe taýýarlamak boýunça wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly uly işler alnyp barylýar. Mekdebe çenli bilim milli bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolup, döwrüň talaplaryna laýyklykda, çagalary başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şonda mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralarynyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary guruldy we gurulýar. Olarda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin innowasion tehnologiýalar, ýagny okatmagyň täze, döwrebap serişdeleri peýdalanylýar. Gysga döwrüň içinde bilim ulgamyna multimedia tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilim bermek işinde mugallyma aýratyn ýardam edýär. Terbiýeçileriň okuw maglumatlaryny multimedia tehnologiýalary arkaly körpelere ýetirmegi sapagyň mazmunynyň täsirliligini artdyrýar, netijeliligini ýokarlandyrýar.

Zybagözel TAGANOWA,
Aşgabat şäherindäki 163-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.