Dünýä dilleri dost-doganlygyň köprüsidir

10 Oktýabr 2021
943

Dil bilmegiň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny türkmen halkynyň edebi hem medeni mirasy, durmuş tejribesi görkezýär. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. Şol sebäpli hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede öwretmek däl-de, eýsem, daşary ýurt dillerini öwretmek barada-da anyk wezipeleri goýýar. Şondan ugur alnyp, biziň ýokary okuw mekdebimizde-de talyplara rus, iňlis dillerini öwretmäge uly üns berilýär.

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» daşary ýurt dillerini okatmaga düýbünden täzeçe çemeleşmeleriň emele gelmegine şert döretdi. Netijede bu ugurda birnäçe özgerişler, täzelikler ýüze çykdy. Hususan-da, sapaklar daşary ýurt dilinde berlip, talyplaryň gepleşik tejribesi ösdürilýär. Netijede dil öwrenýän talyplarymyz öz hünärleri boýunça sözleri özleşdirip, biri-biri bilen daşary ýurt dilinde gepleşýärler.

Täzegül MUHAMMETGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.