Okuwçylara bilim we terbiýe bermek bilen bagly jogapkärli wezipe mugallymlara degişli bolup durýar. Bu işleriň esasy bölegini mugallym guraýan sapaklarynyň üsti bilen amala aşyrýar. Şonuň üçin-de sapaklarymyzy netijeli guramaga, öwredýän her bir temamyzy täsirli usulda okuwçylaryň aňyna ýetirmäge çalyşýarys. Şol bir wagtda hem, öwredýän temamyzyň üsti bilen okuwçylara asylly terbiýe bermäge çalyşýarys.
Başlangyç synplarda okuwçylara ene dilini öwretmek arkaly olaryň dogry, çalt, labyzly okamagy, edebi diliň kadalaryna laýyklykda gepläp, dogry ýazyp bilmegi, özbaşdak pikirlenmek endikleri kemala getirilýär. Şunda mugallym okuwçylaryň ene dilini dogry öwrenmegini gazanmakda dürli usullardan peýdalanýar.