Asylly ýörelgelere sarpa

10 Oktýabr 2021
986

Ýaş nesle tälim-terbiýe, ylym-bilim bermek, edep-ekram öwretmek ähli döwürlerde hem ynsanyň esasy wezipeleriniň biri bolupdyr. Munuň şeýledigine terbiýe, edep-ekram baradaky pikirleriň ençeme asyrlaryň dowamynda beýik akyldarlaryň, şahyrlaryň eserlerinde, taryhy-edebi ýadygärliklerde, halk döredijiliginde giň beýanyny tapýandygyndan hem göz ýetirmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ata Watanymyzda ýaşlara bilimdir terbiýe bermek sagdyn jemgyýeti gurmagyň düýp özeni hasaplanylýar hem-de bu ugurlar boýunça ençeme işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn jemgyýetiň esasyny bolsa ruhy we ahlak gymmatlyklary özünde jemlemegi başarýan kämil, bilim-terbiýe alan şahsyýetler, ýagny ýurt raýatlary düzýär. Gahryman Arkadagymyz turuwbaşdan ylym-bilimi ösdürmäge, kämil hünärmenleri ýetişdirmäge aýratyn üns berýär. Ýurduň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bu babatda dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny durmuşa giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly resminamalar we wajyp maksatnamalar kabul edildi. Milli Liderimiziň dünýä ylmynyň gazanan iň kämil usullary, şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrýan özgertmeleri oňyn netijesini berýär. Bu tagallalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösen jemgyýetiň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Gülnar BEKIÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň müdiriniň orunbasary.